Emomali Rahmon golaýda bolan ganly wakalardan soň Dagly-Badahşana sapara taýýarlanýar
Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň ýerli häkimiýetleri prezident Emomali Rahmonyň sebite sapara gelmegine taýýarlyk görýärler, ýöne sebitiň käbir ýaşaýjylary muňa asla begenmeýär.
Rahmonyň Dagly-Badahşana barjak senesi belli däl, ýöne Ozodi radiosynyň (Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy) çeşmeleri saparyň sentýabr aýynyň başynda boljakdygyny aýtdy.
Eger sapar hakykatdanam amala aşyrylsa, bu Emomali Rahmonyň golaýda bolan ganly wakalardan soň Badahşana eden ilkinji sapary bolar.
Şu ýylyň maý we iýun aýlarynda Badahşanda bolup geçen ganly wakalarda onlarça adam öldürildi we ýüzlerçe adam tussag edildi.
Häkimiýetler olary "jenaýatçy toparlaryň" agzalary hökmünde häsiýetlendirýärler, ýöne Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň raýat aktiwistleri häkimiýetleriň parahatçylykly protest bildiren bigünä adamlary rehimsizlik bilen öldürendigini aýdýarlar.