Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda “Hatyra” kitabynyň nobatdaky neşiri çapdan çykdy

Türkmenistanda “Hatyra” kitabynyň nobatdaky neşiri çapdan çykdy, onda Daşoguz sebitinden 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda we ýaralanyp, soň hassahanalarda wepat bolan, dereksiz ýiten esgerler barada maglumat berilýär.


Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan bu urşa 200 müňden gowrak esger çagyrylypdyr. TDH-nyň “Hatyra” kitabynyň täze neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Daşoguz sebitinden urşa 30 müňe golaý adam çagyrylyp, olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.


Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar, esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar görkezilýär.


Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň neşire taýýarlan kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenipdir.


Öňki sowet ýurtlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşy, adamlaryň uruşda we tylda gören görgüleri we bu agyr betbagtçylygyň düýp sebäpleri barada sowet döwründäki propaganda-wagyz çemeleşmelerinden başgaça, täze nukdaý nazar bilen, töwerekleýin ýazylan işler çap edilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *