Türkmen häkimiýetleri pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanyp, ýurduň oba hojalyk pudagyny belli bir derejede býujet işgärleriniň hasabyna dolandyrmagy dowam etdirýärler. Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynyň käbirinde işgärler pagta ýygmak üçin ekin meýdanlaryna iberilse, käbirinde işgärlerden hakyna tutuljak ýygymçy işçiler üçin pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmesi habar berdi