Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan Reşit Meredowy “Dustlik” ordeni bilen sylaglady

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow “Dustlik” ordeni bilen sylaglady.


Bu sylag oňa Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli dostluk, goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy üçin berildi diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.


Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow bu ordeni eýesine Aşgabatda gowşurdy. Ol Türkmenistana Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşýan wekiliýet bilen geldi.


Şu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli permanlaryna laýyklykda, Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow,  Abdulaziz Kamilow Türkmenistanyň "Galkynyş" ordeni bilen sylaglandy.


Özbek wekiliýetiniň agzalary bu ýokary sylaga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin mynasyp boldular diýip, resmi habarda bellenýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *