Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen ÝOJ-nyň ýolbaşçylary talyplardan uçarda sapar etmegi talap edýär

Türkmen ÝOJ-nyň ýolbaşçylary talyplardan uçarda sapar etmegi talap edýär

Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň ýolbaşçylary tomusky dynç alyşlaryny tamamlan studentlerden okuw jaýynyň ýerleşýän ýerine uçarda gelmegi talap edýärler. Ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) resmileri bu talabyň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler. Bu talap we onuň talyplara ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Bu ýyl talyplara Aşgabada ýa-da beýleki sebitlere okamaga gitmek ýene-de problema boldy. Sebäbi olaryň goşmaça çykdajylary köp boldy. Daşogzuň Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory öz talyplaryndan diňe uçarda sapar etmegi talap etdi. Talyplar uçar biletlerini rektora görkezip, bu talaby berjaý edendiklerini subut etmeli" diýip, bu talap bilen ýüzbe-ýüz bolan talyplaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Agzalýan ÝOJ-yň ençeme talybynyň habarçymyza gürrüň bermegine görä, okuw jaýynyň resmileri bu talabyň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler.

"Talyplaryň hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlaryň taksilerinde gelmegi howply. Meselem, Türkmenabatdan Daşoguza çenli gatnaýan taksileriň ýoly Gazojaga çenli bir az gowy. Soňra taksi sürüjileri çölüň içinden, howply ýerlerden 10 sagatlap sürýärler" diýip, talyp okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň biriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Habarçymyz häzirki wagtda welaýatlaryň arasyndaky uçar biletleriniň bahasynyň hususy taksileriň nyrhlaryndan has arzandygyny, ýöne çäkli uçar gatnawlary sebäpli, köp studentiň has köp maddy çykdajy etmeli bolýandygyny habar berýär.

"Türkmenabat-Daşoguz aralygy üçin taksiniň bir tarap bahasy 1000 manat. Men Aşgabadyň üsti bilen Daşoguza gitmeli boldum. Türkmenabatdan Aşgabada biledi 600 manada satyn aldym, 120 manada hem kowid testini etdirdim. Soňra Aşgabatdan Daşoguza uçjak biledim üçin-de 500 manat töledim" diýip, lebaply studentleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Maglumat üçin aýtsak, hökümetçi "TürkmenPortal" neşiriniň habaryna görä, "Türkmenistan" awiakompaniýasy tomus aýlarynda Türkmenabat-Daşoguz aralygynda uçar gatnawyny ýola goýmady. Maglumatda awiakompaniýanyň Daşoguz bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň arasynda hepdede bir reýs amala aşyrandygy bellenilýär. Ýöne awiakompaniýanyň sentýabr aýyndan başlap bu reýsi hem ýatyrandygyny görse bolýar.

Azatlyk talyplardan edilýän bu talap barada Türkmen oba hojalyk institutynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle-de ýurduň Bilim ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu talap ýurtda hereket çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilmegi netijesinde, hususy ulaglarynda kireý edýän raýatlaryň hereketiniň berk çäklendirilen mahalyna gabat geldi.

24-nji awgustda Aşgabatdaky habarçylarymyz hususy taksileriň öz gazanç mümkinçiliklerini dowam etdirmek üçin howply ýollary saýlap alýandygyny, derýalaryň, kanallaryň uly akabalaryndan, daglaryň dik jarlaryndan we çölüň gum depelerinden geçýändigini, käte bu ýollaryň adam pidalaryna sebäp bolýandygyny habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň we hususy ulaglaryň hereketini wagtal-wagtal çäklendirýärler. Ýurtda bu çäklendirme global pandemiýanyň fonunda, 2020-nji ýylyň martyndan şu ýylyň iýun aýyna çenli aralykda has-da güýçlendirilipdi.

Agzalýan döwürde hususy taksi sürüjileriniň ýolagçy gatnatmak üçin ýa polisiýa para bermeli, ýa-da ulaglaryny howply ýollardan sürmeli bolýandygy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Bellesek, Türkmenistanda ÝOJ-laryň resmileriniň studentlerden uçarda sapar etmegi talap edýändigi barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem birnäçe gezek habar beripdi.

2019-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň ýolbaşçylary şeýle talabyň sebäplerini studentler takside sapar edende "iki-ýeke ýüze çykan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak” bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar. Olar “ýaramaz ýagdaýlary gyzlara azar berilmegi” ýaly wakalar bilen düşündiripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

"Генералопад" сменился переворотом в ЕР: Путин отправил Турчака в Алтай. Метивший в кресло АП чиновник превратился в "директора турбазы"

СМИ: Актрису Нину Гребешкову госпитализировали в Москве

Дирижёр из России победил на конкурсе в Греции

«Настроение боевое»: Глава Бурятии навестил в Москве раненых бойцов

Музыкальные новости

Эксперты рассказали, в каких городах РФ можно найти недорогое жилье на лето

17 и 18 августа 2024 года в городе Мончегорск Мурманской области состоится VI фестиваль северной культуры «Имандра Викинг Фест».

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

Концерт в музее им. П.И. Чайковского

Новости России

СМИ: Актрису Нину Гребешкову госпитализировали в Москве

Сергей Гаврилов - «Российской газете»: Для застройщиков могут разработать стандарт отделки квартир

"Генералопад" сменился переворотом в ЕР: Путин отправил Турчака в Алтай. Метивший в кресло АП чиновник превратился в "директора турбазы"

Жителю Якутии вынесен приговор за кражу денег с банковской карты у соседа по купе поезда

Экология в России и мире

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Спорт в России и мире

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Елена Рыбакина привела в восторг зарубежного журналиста

Джокович совершил суперкамбэк на Ролан Гаррос и установил абсолютный рекорд

Moscow.media

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *