Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar

Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Aşgabadyň orta mekdeplerinde sapaklar global pandemiýadan öňki tertipde okadylyp başlandy. Şol bir wagtda, klaslarda okuwçylardan maska dakynmak talaby saklanyp galýar. Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri ýurduň bilim edaralarynyň sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirjekdigini habar berýär.

"Paýtagtyň ençeme orta mekdebinde, şol sanda 55-nji mekdepde sapaklar global pandemiýadan öňki tertipde okadylyp başlandy. Okuwlar iki smena görnüşinde geçýär. Klaslary ikä bölmeýärler. Sapaklar 45 minut dowam edýär. Okuwçylar we mugallymlar karantinden öňki okuw tertibiniň gaýdyp gelenine örän begenýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ene 2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýurduň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işiniň guramaçylygy boýunça “karantin düzgünleri” barada ilkinji gezek 2020-nji ýylyň awgustynda habar berildi. Bu habar, ýurtda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň köpelýändigi baradaky maglumatlaryň fonunda peýda bolupdy.

2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda güýje girizilen düzgünlere laýyklykda, mekdeplerde maska geýmek režimi girizildi. Okuwçylar synplarda biri-birinden 2 metr aralykda oturdylyp, her synpyň okuwçy sany 15 okuwçy bilen çäklendirildi. Şeýle-de, birinji synplar üçin sapagyň dowamlylygy 25 minut, 2-nji synpdan 4-nji synpa çenli okuwçylar üçin 30 minut, uly klaslar üçin 35 minut edilipdi.

Habarçymyz paýtagtyň käbir mekdeplerinde, şol sanda 44-nji mekdebinde okuwlaryň üç smena görnüşinde okadylmagynyň dowam edýändigini, ýöne sapaklaryň 45 minuda uzaldylandygyny aýdýar.

"Sapaklar ähli mekdeplerde irden sagat 8:30-da başlanýar. Sagat 12-de ulurak klaslar gelýär. Sagat 13:30-da bolsa iň ýokary synplar mekdebe gelýär" diýip, bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň ýeke hadysasynyň-da hasaba alynmandygyny erjellik bilen tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri okuwçylardan klaslarda maska dakynmagy dowam etdirmegi talap edýärler.

"Işgärlerden we okuwçylardan mekdebiň çäginde maska dakynmak talap edilýär. Mugallymlar we okuwçylar okuwdan soň, köçede maskalaryny çykaryp bilýärler. Bu düzgün käbir mekdeplerde berk, käbirinde-de formal ýagdaýda berjaý edilýär" diýip, bilim işgäri aýtdy.

Bu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri ýurduň bilim edaralarynyň sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirjekdigini habar berýär.

Neşir 1-nji sentýabrda çap eden habarynda okuwlaryň adaty tertipde alnyp barylýandygyny tassyklap, bilim edaralarynda agyz-burun örtükleriniň ulanylyşynyň gözegçilikde saklanjakdygyny hem belleýär.

Maglumatda bu karara Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçirilen mejlisinde gelnendigi hem aýdylýar.

"Toparyň 21-nji awgustdaky mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, mekdeplerde sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işleri has-da güýçlendiriler" diýlip, habarda nygtalýar.

Türkmen hökümeti 2020-nji ýylyň martynda, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, girizen karantin çäklendirmelerini şu ýylyň iýun aýynyň başynda gowşadyp başlady. Şondan soňra maska talaby diňe köpçülikleýin transport serişdelerine we ýapyk jemgyýetçilik binalaryna degişli edildi.

1-nji sentýabrda Marydaky habarçymyz ýapyk binalardaky, ýagny mekdeplerdäki maska talabynyň kiçi ýaşly käbir okuwçylar üçin howa ýetmezçiligine ýol açýandygyny, sapaklarda huşuny ýitiren çagalaryň köp bolandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Суд заочно арестовал экс-главреда Republic Колезева по делу о фейках о ВС России

Уральского полпреда Якушева ожидает высокое назначение в Москве

Форум женского предпринимательства БРИКС прошел в Москве

Россияне стали пессимистичнее настроены на успешное трудоустройство

Музыкальные новости

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Погружение в современное российское искусство – стартовал 3-ий фестиваль «Территория. Красноярск»

Хуснуллин: несмотря на ставку ЦБ, приток ипотеки в стройку продолжается

Новости России

Суд заочно арестовал экс-главреда Republic Колезева по делу о фейках о ВС России

Россияне стали пессимистичнее настроены на успешное трудоустройство

Путин заявил, что Москва рада приросту исламского населения

Дни рождения

Экология в России и мире

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

Гинеколог, ведущий специалист многофункциональный клиники KindCare в Дубае Сураё Назарова: как выявить проблемы на ранних стадиях

Создайте стильный образ из самых простых вещей в гардеробе

Спорт в России и мире

«Сейчас даже счёт не помню»: Андреева сенсационно победила Соболенко и вышла в полуфинал «Ролан Гаррос»

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

«Контракта на экипировку у меня до сих пор нет» // Теннисистка Анна Калинская о лучшем сезоне в своей карьере

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Moscow.media

RooX UIDM защитит от перехвата токенов

"Рено" врезалась в столб, младенец в больнице

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *