Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ahalyň täze edara ediş merkezinde gurluşykçylar üç aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýärler

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda zähmet çekýän işçiler üç aý bäri aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp, köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji sentýabrda sebitden habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, köpmilliardlyk mega taslamada zähmet çekýän 250-den gowrak ussa we 500 töweregi kömekçi işçi ýerli potratçy firmalaryň özlerine töleg geçirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Iş taşlaýyş yglan eden ýerli gurluşykçylar esasan “Myradym”, “Nusaý ýollary”, “Ussat inžener” we başga-da birnäçe ýerli kärhanalaryň işçileri bolup durýar.

Türkmen metbugatyna görä, “Myradym” kärhanasy sebitiň täze edara ediş merkezinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Bu desganyň gurluşygyny 2022-nji ýylyň iýunynda tamamlamak göz öňünde tutulýardy.

“Nusaý ýollary” we “Ussat inžener” kärhanalary sebit merkezinde bina edilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna gatnaşýarlar.

Mundan ozal, ýarym resmi “Biznes Türkmenistan” neşiri Ahal welaýatynyň sebit merkeziniň gurluşyk işlerine 67 sany ýerli kärhananyň gatnaşýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan Ahal welaýatyna gelen mermerçi işçiler toparynyň täze sebit merkezindäki dokuz gatly binalaryň biriniň daşyna mermer örtmek barada dört aý mundan ozal iş şertnamasyny baglaşandyklaryny, häzirki wagtda mermer işiniň 35 protsentiniň tamamlanandygyny, ýöne potratçy firmanyň tölege ukypsyzlygy sebäpli işçileriň iş taşlamaga mejbur bolandyklaryny habar berýär.

“Dört aý ozal awans hökmünde 40 müň manat berlipdir, soňky üç aýda şertnamada wada berlen pul berilmändir” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Birnäçe ýerli kärhananyň eýeleri we baş hasapçylary ýerine ýetirilen işler üçin döwlet tarapyndan wagtynda pul geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, täze dolandyryş merkezindäki gurluşyk işleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilýär. Potratçy ýerli kärhanalar Gurluşyk ministrligi bilen şertnama baglaşýar, köplenç gaýry welaýatlaryň ýaşaýjylaryndan ybarat gurluşykçy brigadalary bolsa ýerli kärhanalardan şertnama esasynda iş alyp, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Gurluşykçy toparlar potratçy ýerli kärhanalar bilen şertnama baglaşyp, iri taslamalaryň demir, beton, kerpiç, mermer, boýag, abadanlaşdyryş we ş.m işleri kesip alýarlar.

“Üç aý bäri tölegsiz işleýän ussalar we işçiler öz maşgalalarynyň, çagalarynyň gün-güzeranyny aýlamak üçin başga ýerlerden iş gözlejekdiklerini aýdyp, iş taşladylar. Bu ýagdaý diňe bir meniň brigadamda däl, eýsem başga gurluşyk firmalary bilen şertnama baglaşan ussalaryň brigadalarynda hem boldy. Olar hem başlyklarynyň işçilere wagtynda aýlyk haklaryny berip bilmeýändikleri üçin iş taşlaýyş yglan etdiler” diýip, bir gurluşykçy ussa Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine iş saparyny amala aşyrdy we ol ýerde göçme hökümet mejlisini geçirdi.

Welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda, 2019-njy ýylda yglan edildi. Döwlet mediasyna görä, mega taslamanyň gurluşygyny ilkibaşda 2022-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýardy. Ýöne Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi indi bu taslamanyň diňe birinji tapgyrynyň öňümizdäki dekabr aýynda tamamlanjakdygyny habar berýär.

2020-nji ýylyň fewralynda bu mega taslamanyň bahasy 1,5 milliard dollar hökmünde yglan edildi. Täze administratiw merkeziň heniz ady ýok. 2022-nji ýylyň aprelinde türkmen prezidenti täze şähere at tapylmagyny talap etdi.

Munuň yz ýany, Azatlygyň çeşmeleri täze şähere Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag adynyň dakylmagynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi.

Bu habarlaryň yz ýany, Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň iri köçeleriniň birine Akhan atynyň adynyň dakylmagyny teklip etdi. Şeýle-de, sebit merkezinde ahalteke Akhanyň ýadygärligi oturdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Красногорске до конца года реконструируют детские площадки по ряду адресов

День защиты детей празднуют в мире 1 июня

Партийцы Воскресенска вручили школьникам грамоты

Очевидцы сообщили о возгорании вагона поезда на станции метро «Спортивная»

Музыкальные новости

Новости фармацевтики в России и в мире

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Певица Пелагея разделила имущество с бывшим мужем

Новости России

Тиктокершу Фросю арестовали за перформанс с биотуалетом во «Вкусно и точка»

Диетологи советуют есть одно мороженое через день

В Йошкар-Оле с большим успехом прошел IV этап культурного проекта «Классика: история и современность»

"Так сложились обстоятельства": Названы пять фраз, выдающих инфантильного мужчину

Экология в России и мире

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Стильные образы на лето, в которых вы покорите окружающих

Пять морей и одно озеро: в России создадут новые круглогодичные курорты - стали известны подробности

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Спорт в России и мире

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Moscow.media

Лето в урочище Кокоря

Лучший HR-бренд – «Грузовичкоф»

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *