Türkmenistanýň Türkiýedäki ilçisi prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy
![Türkmenistanýň Türkiýedäki ilçisi prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy](https://gdb.rferl.org/0c530000-0aff-0242-051b-08da9a1946dd_w800_h450.jpg)
Türk metbugaty Türkmenistanyň Türkiýdäki täze ilçisi Mekan Işangulyýewyň 14-nji sentýabrda prezident Rejep Taýyp Erdogana ynanç hatyny gowşurandygynyhabar berýär.
Mekan Işangulyýew Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine iýul aýynda bellendi. Bu wezipä bellenemzinden öň ol Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işleýärdi.
Türkiýe ýaňy-ýakyna çenli türkmenistanlylaryň wizasyz baryp bilýän ýeke-täk ýurdydy we Türkmenistanda dörän agyr işsizlik netijesinde ýüz müňlerçe türkmen migrantynyň iş, gazanç mümkinçiligini tapan ýurdy boldy.
Türkieýede ýaşaýan on müňlerçe türkmenistanlynyň pasport, Türkmenistana dolanmak meselelerinde ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary, zähmet migrantlarynyň arasynda hökümeti tankyt edýän aktiwistleriň köpelmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň işi köp tankyt edildi. Emma häkimiýetler bu tankyda hiç bir anyk reaksiýa bildirmediler.