Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hökümetçi neşirler Türkiýede iş rugsadyny almak üçin soralýan resminamalaryň sanawyny çap etdi

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Aşgabatdaky türk wiza merkezi bilen hyzmatdaşlyk edýän “Atawatan-Türkmenistan” saýtyna salgylanyp, Türkiýede iş rugsadyny berýän wizany almak üçin zerur bolan maglumatlaryň sanawyny çap etdi.


Neşiriň maglumatyna görä, iş wizasyny almak üçin azyndan 11 sany resminama talap edilýär.


“Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alnan we doly bolmaly... Türkiýäniň Aşgabatdaky wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary hem talap etmäge hakly” diýip, habarda bellenýär.


Şeýle-de neşir talap edilen resminamalaryň tabşyrylmagynyň wiza beriljekdigini kepillendirmeýändigini, “Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda” wiza ýa-da hyzmat tölegleriniň yzyna gaýtarylmaýandygyny duýdurýar.


Türkmenistan golaýda türkmen raýatlarynyň wizasyz gidip bilýän ýeke-täk ýurdy bilen arada saklanýan wizasyz gatnaşygyň ýatyrylmagyny gazandy we, synçylaryň köpüsiniň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş, durmuş şertlerine eýýäm ýaramaz täsir ýetirdi.


Şu aralykda Türkmenistan Türkiýeden ýüzlerçe raýatyny yzyna getirdi we olaryň köpüsiniň gaýtadan yzyna, zähmet migrasiýasyna gidip, maşgalasyny eklemeginiň kyn boljakdygy we ýurtdaky işsizleriň sanynyň has köpeljekdigi aýdylýar.


Bu ýagdaý Türkiýede bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň çykalga gözläp, başga ýurtlara gitmek üçin gyssagly tagalla edip başlamagyna sebäp boldy.


Türkiýe Türkmenistan üçin wiza düzgünini 13-nji sentýabrda,  Türkmenistanyň talaby esasynda girizdi.  ​ 


Türkmenistanyň raýatlary 2007-nji ýyldan bäri Türkiýede syýahatçylyk üçin, 30 güne çenli  wizasyz bolup bilýärdiler.


Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi we azyk gytçylygyny boýun almaýar, işsizleriň sanyny aýtmaýar we türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, önüm öndürmegi we öz durmuşyny gowulandyrmagy üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *