Metbugat sekretarynyň, hökümet başlygynyň ogullary mobilizasiýa çaginde gulluk etmek islemeýär
“Youtubeb” kanalynyň “Populýanaýa politika” gepleşiginiň alyp baryjylary üçünji gün göni ýaýlymda jaň edip, öz tassyklamalaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli emeldarlarynyň ýakyn garyndaşlary diýilýän adamlar bilen gürleşdiler.
Olar özlerini harby komissarlygyň işgärleri hökmünde tanadyp, telefondaky söhbetdeşlerine mobilizasiýanyň çäginde çagyryş nokadyna gelmegi teklip etdiler.
Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň ogly Nikolaý diýip tanadylan abonent harby komissarlyga gelmekden ýüz öwürdi.
"Eger-de siz meniň jenap Peskowdygymy bilýän bolsaňyz, onda meniň ol ýerde bolmagymyň o diýen dogry däldigine düşünmeli" diýip, Peskowyň ogly "bu meseläni başga bir derejede çözmek" wadasyny berdi.
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň ogly hökmünde tanadylan abonent Alekseý Mişustin bolsa, özüniň mobilizasiýa düşmeýändigini, sebäbi Ýokary Ykdysadyýet mekdebinde magistr derejesini almak üçin okaýandygyny aýtdy.
Şol bir wagtda ol, sözüniň üstüni ýetirip, söweşmek isleginiň ýokdugyny we öz bilimi bilen meşgullanmagy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.
Artýom Çeçihin – Rosgwardiýanyň başlygy Wiktor Zolotowyň agtygy eýýäm harby gullukdadygyny, harby çagyryş boýunça gulluk edýändigini, serkerdäniň öňünde goýan wezipesini ýerine ýetirmäge taýýardygyny, ýöne şertnama gol çekmäge taýýar däldigini aýtdy.
Şu aralykda rus howa menzilleriniň birnäçesinde Russiýadan başga ýere uçýan erkek ýolagçylaryň goşmaça barlaglardan geçirilýändigi habar berilýär.
Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumatlara görä, Petrburgdaky Pulkowa aeroportynda we Moskwanyň ähli howa menzilinde ýaş erkekleriň ählisi diýen ýaly barlagdan geçirilýär. Beýleki habarlarda ähli ýaş erkegiň barlanmaýandygy aýdylýar.