Täjigistanyň Gyrgyzystanda ýenjilen habarçy baradaky beýanaty ýalan bolup çykdy
Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Gyrgyzystanda ýenjilendigi baradaky resmi beýanaty ýalan bolup çykdy.
Ministrlik 22-nji sentýabrda çap eden beýanatynda gyrgyz hökümetini öz etnik täjik jemgyýetini yzarlamakda aýyplady we muňa mysal edip, 18-nji sentýabrda Oş sebitinde täjik zenany Nasibakhon Dawronbekowa, AÝ/AR-nyň habarçysyna garşy etniki sebäpler esasynda hüjüm edilendigini aýtdy.
Emma Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystanda ýa-da başga bir ýerde beýle atly habarçysy ýok. Ministrlik bu beýanatyndaky soragly sözlemi uzak wagt geçmänkä aýyrdy.
Täjigistanyň Gyrgyzystanda etnik täjikleri yzarlaýandyklary baradaky aýyplamalar iki goňşy döwletiň arasynda geçen hepde serhet ýakasynda bolan ganly çaknyşyklardan soň dörän dartgynlylygyň arasynda ýüze çykdy.