Eýran prezidenti protestlere ‘aýgytly’ garşylygyň görkezilmelidigini aýdýar
Prezident Ebrahim Raisi Eýranyň “ýurduň howpsuzlygyna we asudalygyna wehim abandyrýanlar babatynda aýgytly hereket etmelidigini” aýtdy. Raisiniň 24-nji sentýabrdaky bu çykyşy barada ýerli habar serişdeleri maglumat berdi.
Döwlet mediasy bir hepdeden hem aşa wagt bäri dowam edýän protestlerde azyndan 35 adamyň öldürilendigini habar berýär. Protestler ahlak polisiýasynyň bir ýaş zenany mejbury hijabyny dogry dakynmandygy sebäpli tussag etmeginden soň, onuň ýogalmagynyň yzýany ýüze çykdy.
Mundan öň, resmi media protestlerde 17 adamyň, şol sanda bäş howpsuzlyk işgäriniň ölendigini aýdypdy.
22 ýaşly Mahsa Aminiň ölüminden soň, gahar-gazaply protestler ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Tähranda geçirilýär.