Eýranyň prezidenti protestçilere garşy 'aýgytly çäre' görmeli diýýär
Döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, şu wagta çenli demonstrantlaryň we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda azyndan 35 adam öldi.
Eýranda dowam edýän köpçülikleýin protestler ahlak polisiýasynyň hijaby nädogry geýýändigi sebäpli tussag eden zenany, 22 ýaşly Mahsa Amini ýogalandan soň başlandy. Köçede saklanan gyz polisiýa äkidildi we ol ýerden huşsuz ýagdaýda keselhana geçirilip, üç günden soň özüne gelmän jan berdi.
Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy 23-nji sentýabrda beýanat çap edip, "Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy bilkastlaýyn we bikanun ok atmak baradaky gorkunç tejribesini" görkezýän subutnamalary ýygnandygyny aýtdy.
Beýanatda howpsuzlyk güýçleriniň diňe 21-nji sentýabr gijesi atan oklary netijesinde azyndan 19 adamyň, şol sanda üç çaganyň öldürilendigi aýdylýar.