Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

‘Para bilen işe kabul edilen’ hassahana işçileri 'köpçülikleýin işden boşadylýar'

‘Para bilen işe kabul edilen’ hassahana işçileri 'köpçülikleýin işden boşadylýar'

Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasyna 'para bilen işe ýerleşen' 50 töweregi işsi, şol sanda arassaçylyk işçileri, tämizlikçiler köpçülikleýin işden boşadylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatyndan habar berýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bäş aý ozal açylyp ulanylmaga berlen köpugurly hassahana gysga wagtyň içinde para dawalary bilen at gazandy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine görä, Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasy 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşana açylyş dabarasy bilen işe girizildi.

Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenbaşynyň täze hassahanasyndaky korrupsiýa hadysalary barada habar berdiler.

Azatlygyň saglyk pudagyndaky çeşmeleri käbir lukmanlaryň bu hassahana işe ýerleşmek üçin 200 müň manada çenli para berendiklerini habar berdiler. Bu walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 57 müň dollara, gara bazar nyrhyndan 11 müň dollara barabar bolýar.

Azatlygyň habarynyň yz ýany, täze hassahanada derňew işlerine badalga berildi. Derňew işleri Aşgabatdan iberilen we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hem-de Ýokary gözegçilik palatasynyň derňewçilerinden ybarat bolan ýörite topar tarapyndan alnyp baryldy.

Munuň yz ýany, garaşsyz turkmen.news neşiri 19-njy maýda Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasynyň baş lukmanynyň häkimiýetler tarapyndan saklanandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçylary täze açylan hassahana bilen bagly dowam edýän korrupsiýa dawalarynyň arasynda ‘para bilen işe kabul edilen’ 50 töweregi işçiniň işden boşadylandygyny habar berýär.

“Bolmaly işgär sanyndan 30 göterim köp işgär işe kabul edilipdir. Olaryň beren paralary yzyna gaýtarylmazdan, 50 töweregi adam işden boşadyldy” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, köpçülikleýin işden boşadylýan işçileriň arasynda tämizlikçiler, bagbanlar, gurluşykçy ussalar bar.

Resmiler işgär sanynyň azaldylmagyny hojalyk hasaplaşy boýunça hyzmat hödürleýän hassahananyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak tagallalary bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir tämizlikçi zenan maşgala özüniň 40 müň manat para berip, işe ýerleşendigini aýdýar we bu ýagdaýyň özüni uly ýitgä sezewar edendigini gürrüň berýär.

40 müň manat Türkmenistanda walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 11 müň dollara, gara bazar nyrhy boýunça 2 müň dollara barabar bolýar.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda pes orunlary eýeleýär.

Azatlygyň beýleki bir habarçysy Türkmenistanda ýaňy-ýakynda yglan edilen nobatdaky günä geçişlige goşulmak üçin tussaglardan 2 müň dollara çenli para soralandygyny habar berdi.

2 müň dollar möçberinde para berip, hassahana işe ýerleşen balkanly tämizlikçi ýene para berip, özüniň täze işe ýerleşmeli boljakdygyny gürrüň berýär. Ol işe ýerleşmek üçin tölän parasynyň köýendigini, puç bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, para kabul etmek bilen bir hatarda para bermek hem kanuny jogapkärçilikleri özünde jemleýär.

Işden boşadylan tämizlikçi şol sebäpden öz aladalary bilen baglylykda kanun goraýjy edaralara şikaýat bilen ýüz tutup bilmeýändigini aýdýar.

Tankytçylar türkmen häkimiýetleriniň ýurdy eden-etdilikli dolandyryp, ilat arasynda has çuň eden-etdilige, has agyr sosial adalatsyzlyga ýol açandyklaryny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti ýurtda endemiki häsiýete öwrülen korrupsiýa hadysalary, gutulgysyz kesele öwrülen parahorluk, nepotizm, tanyşparazlyk barada beýanat bermeýärler.

Türkmenistanda korrupsiýanyň tas ähli pudaklarda giňden ýaýrandygy, raýatlaryň - tam süpüriji bolmakdan başlap tä ýokary wezipelere çenli - islendik işe ýerleşmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berip gelýärler.

Balkandaky täze hassahananyň işden boşadylýan tämizlikçisi habarçy bilen gürrüňdeşlikde özüniň her aý 1250 manat möçberinde zähmet hakyny alandygyny, ýöne alan zähmet hakynyň hatda işe ýerleşmek üçin tölän parasyna-da ýetmeýändigini gürrüň berýär.

Ol 1-nji oktýabrdan başlap işden boşadylýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Еще 620 контейнеров для смешанных отходов установили в Подмосковье

Спецназ Росгвардии задержал в Москве участника вооруженного нападения на Буденновск в 1995 году

Жителей и гостей Коломны приглашают на выставку «История в лицах»

Смотр-конкурс «Город для всех»-2024

Музыкальные новости

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

В Городце открылись виртуальный концертный зал в ДК «Северный» и Музей детства

Лидер движения «Всеармянский фронт», Аршак Карапетян выступил 5 июня 2024 на радио «Аврора» в прямом эфире авторской программы «Другой глобус» с Дарьей Митиной. ВИДЕО

Концерт в музее им. П.И. Чайковского

Новости России

Врач Алексеева назвала болезни, при которых человека могут ошибочно признать мертвым

Ученики школы №1354 одержали победу в финале Московской спартакиады молодежи допризывного возраста

Комплексная летняя уборка дорог стартовала в Ленинском округе

Конкистадоры и индейцы Восточной Европы: как Речь Посполитая проиграла Московскому царству, убедив себя в собственном превосходстве

Экология в России и мире

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Вкусно и полезно: лучшие сезонные фрукты и ягоды, которые стоит включить в рацион летом, чтобы получить витаминный заряд

Спорт в России и мире

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Елена Рыбакина добилась впечатляющего достижения

Теннисист Медведев снялся с турнира ATP в Нидерландах из-за травмы

Moscow.media

Новый цвет и знакомый звук: игровая гарнитура GR270 от Bloody

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

"Рено" врезалась в столб, младенец в больнице

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *