BMG mobilizlenmä garşy çykyş edýän ruslary tussaghanalardan boşatmaga çagyrdy
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy 28-nji sentýabrda beýanat çap edip, Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň "bölekleýin" mobilizlenmä garşy çykyş eden raýatlary tussag etmegini ýazgardy.
Ýokary komissaryň wekili Rawina Şamdasani adamlaryň diňe parahatçylykly ýygnanyşmak we söz azatlygy hukugyny ulanandyklary üçin yzarlanmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we tussag edilenleriň derrew boşadylmagyny talap etdi. Şeýle-de, beýanatda ruslaryň parahatçylykly protest bildirmegine, zorluga ýüz urmazlygyna çagyryş edilýär.
Adam hukuklaryny goraýan “OVD-Info” toparynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan 26-njy sentýabryna çenli Russiýada mobilizasiýa garşy geçirilen demonstrasiýalarda 2398 adam tussag edildi. Bu ýerde gürrüň ýekelikde pikete çykanda we köpçülikleýin protestlere gatnaşanda tussag edilen adamlar barada barýar.
“OVD-Infonyň” aklawçylary protest wagtynda BMG-ä iki hasabat iberdi.