Eýran: döwlet TW gepleşigi kesilip, ýüzüne nyşan çekilen baş ruhany we öldürlen protestçiler görkezildi
Eýrandaky aktiwistler döwlet telewideniýesiniň göni gepleşiginiň arasyny kesip, hökümete garşy we aýal-gyzlaryň başyna ýaglyk atynmagy talap edýän berk hijab kanunyna garşy geçýän protestler baradaky şekilleri we habarlary görkezdi.
Yslam respublikasynyň baş ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýiniň döwlet resmileri bilen duşuşýan wideoýazgylary 8-nji oktýabrda gysga wagtlaýyn kesildi we öldürilen demonstrantlaryň hem-de başyny örtmändigi üçin geçen aýda tussag edilenden soň polisiýada ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň suratlary bilen çalşyryldy. Ýaş zenanyň ölümi tutuş ýurtda nägilelik döretdi.
Telegepleşigiň kesilen pursadynda ýüzüne ok nyşany çekilen Hameneýiniň şekili hem görkezildi. Munuň jogapkärçiligini "Eedalat-e Ali" aktiwist topary öz üstüne aldy. Suratlar bilen "bize goşulyň we turuň" ýazgysy peýda boldy.
Ýarym resmi "Tasnim" döwlet teleýaýlymynyň täzelikler gepleşiginiň "birnäçe minutlyk rewolýusiýa garşy agentler tarapyndan döwülendigini" tassyklady.
Eýran döwlet radiosynyň we telewideniýesiniň metbugat sekretary Hasanein Haddad bu wakanyň haker hüjümi däl-de, kanalyň içinden edilen "wandalizm we aralaşmak" hereketidigini aýtdy.
Amini 16-njy sentýabrda ölenden soň ýurduň çar künjeginde ýüze çykan protestler telegepleşigiň berlen gijesinde Tähranda we beýleki şäherlerde dowam etdi.
8-nji oktýabrda kürtleriň köplük bolup ýaşaşan sebitlerde, şol sanda Sanandaj şäherinde iki demonstrantyň öldürilendigi habar berildi. Howpsuzlyk güýçleri Sakesede ot açmakda aýyplandy.
Düýbi Osloda ýerleşýän Eýranyň Adam Hukuklary topary, dört hepde bäri dowam edýän demonstrasiýalarda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan 90-dan gowrak protestçiniň öldürilendigini, beýleki toparlar bolsa 160 ýa-da ondanam köp adam öldürendigini, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny we müňlerçe adamyň tussag edilendigini habar berdi.