Döwrüň ýüzüne garap ýazylan terjimehal
“Näsag dälilikden saplandy... dürli ýerlere arza ýazmagyny goýdy” diýip, lukman diýilýänler onuň ruhy ýagdaýyny diňe tankydy pikirlerinden el çekip-çekmezligi, ýa-da öz syýasy garaýyşlaryndan ýüz öwrüp-öwürmezligi bilen kesgitläpdirler. Şahyryň ruhy hassahanadan ölýänçä goýberilmezligi onuň öz ynanjyndan howpsuzlyk ýa-da fiziki dirilik üçin el çekmändigini, Gurbannazar Ezizowyň “Döredijilik üçin“ diýen goşgusynda aýdylyşy ýaly, terjimehalyny döwrüň ýüzüne garap ýazandygyny tassyklaýar.
"The New York Times” 1971-nji ýylda bu şikaýatyň Sowet Soýuzynda barha köpelýän şikaýatlaryň we arzalaryň bir bölegi bolandygyny belläpdir. Şeýle-de, geçen sentýabrda Kekilowanyň döwürdeş şahyry Gurbannazar Ezizowyň ýolda, bary-ýogy 35 ýaşynda atylyp öldürilenine 47 ýyl boldy.
Bu iki şahyr türkmen edebiýatynda eserleri täze pikir tolkunlaryny döreden, ömri we döredijiligi barada diňe makala, goşgy däl, hatda kitap ýazylan, kino döredilen meşhur şahslar bolup durýar, emma türkmen metbugatynda olar bilen bagly pikir alyşmalar barha azalýar.
Şu ýagdaý sebäpli, şeýle-de Azatlygyň diňleýjileriniň we okyjylarynyň edebi çekişmelere ýol açmak baradaky tekliplerini nazara alyp, bu iki şahyryň döredijiligi barada soňky döwürde özara gürrüňçiliklerde orta atylýan pikirlere ünsi çekmegi makul bildik.
Belki, bu belliklerden soň türkmen poeziýasynda we edebi tankydynda emele gelen durgunlyk bilen bagly başga-da pikir-garaýyş aýtjaklar bolar.
Eger ruhy hassahanada ýogalman, sag-aman ýaşap ýören bolsa, Kekilowa şu ýylyň noýabrynda 80 ýaşyny toýlamalydy. Kekilowadan tapawutlylykda, işden gyrakladylmadyk, çykjak bolup duran kitaby, goşgulary gadagan edilmedik Ezizow hem, galamdaşy dört diwara gabalanyndan kän wagt geçmänkä bakyýete ugradylmadyk bolsa, şu ýylyň martynda 82 ýaşynyň toýuny toýlardy.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly edebiýatçy Kekilowa bilen Ezizowyň, iki şahyr - iki ykbal nukdaý nazaryndan, täze göz bilen öwrenilmelidigini aýdýar.
Türkmenistanda 1980-nji ýyllaryň ortalarynda dörän syýasy we edebi maýylganlyk uzaga çekmedi, Ezizowyň sözleri bilen aýdylsa, durmuşda “bilgeşleýin görülmedik” zatlar, “ursa ýykýan, ýykylany galdyrýan” erkin ogul, poeziýa we “artykmaçlyk” ýaryşyna giren ýazyjy-şahyrlaryň ölüm howpuna salan döredijiligi barada guralmaly çekişmeler, pikir alyşmalar, türkmen ýazyjylarynyň iň soňky gurultaýlarynda söz, pikir azatlygyna garşy gurnan dildüwşüklerinden soň, soň dörän prezident-ýazyjylaryň “kölegesinde” we “öňe” gykylygynyň aşagynda boglup taşlandy diýen pikir-netije indi özara gürrüňçiliklerde barha kän eşidilýär.
Olary, öz döwrüniň namysy bolan ýa bolmak islän şahyr-ýazyjylary indi, hatda doglan we ölen günlerinde hem ýatlaýan az. Diňe şahyrlar däl, tutuş jemgyýet suwsuz degirmene dönse, onuň arakhorlygyna, neşekeşligine ýa zat, at keseline däl, akyl hassalygyna derman tapmak kyn boljaga meňzeýär. Sosial ulgamlarda bir türkmeniň aýdyşy ýaly, söz azatlygy hiç, ilki azat pikirlenmegi, ýagny galyplardan çykmagy we daş-töwerege göz aýlap, Platonyň gowak tymsalyndaky ýaly, gowakda galyp, gowak hakykatyndan başga hiç zady diňlemek islemeýänlere kömek etjek bolmagy öwrenmeli!
Ýöne soňky aýlarda Türkmenistanda gender deňligi, kemsidilýän aýal-gyzlar meselesi gaýtadan, sosial media mümkinçilikleri bilen, has açyk görnüşde gün tertibine gelende, Kekilowany, onuň "Biz gyrnak” goşgusyny ýatlanlar azda bolsa boldy.
Kekilowa ýoksullara azatlyk, dört diwara gabalan naçarlara okuw, ýagtylyk berendigini aýdýan hökümetiň dikelden gara diwarynyň özüni “hapa” edendigini aýdypdy.
Gyzynyň işden kowlandygyny, çykjak bolup duran kitabynyň gadagan edilendigini, sag halyna däli diýlip, ýurtdaky eden-etdilikleri görmezlige salmandygy üçin jezalandyrylan şahyryň azat edilmegini sorap, Moskwa ýüz tutan 72 ýaşly ejesinden tapawutlylykda, Kekilowanyň galamdaşlary oňa ýelmenen “däli” ýarlygyny göni ýa gytaklaýyn, sessiz tassyklap, nakylda aýdylyşy ýaly, “gazana ýanaşmakdan” mümkin boldugyça gaça durupdyrlar.
"The New York Times” gazetiniň Sowet Merkezi Aziýasyndan bir ýaş zenan şahyryň Moskwa, Kompartiýanyň Merkezi Komitetine 56 sahypalyk arza ibereninden soň, öz dogduk respublikasynda dälihana ýerleşdirilendigi barada beren habarynda aýdylan zatlary türkmen mediasynda diňe Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň döwründe aýdyp boldy.
Kekilowanyň işi Günbatarda Ogulgerek ejäniň (NYT “Ogulsakhat Seidova” diýip ýazýar) MK-a iberen arzasynyň bir nusgasynyň günbatarly habarçylara ýetirilmegi netijesinde bilinýär.
Gazetiň ýazmagyna görä, Annasoltanyň ejesiniň haýyşnamasy şol ýyllarda islendik emigrasiýanyň öňünde durmaga dyrjaşan Sowet Soýuzyndan Ysraýyla göçmekçi bolýan ýewreýleriň, ybadat azatlyklarynyň çäklendirilmeginden nägile bolýan dürli dini azlyklaryň edýän şikaýatlaryndan başgarak bolup görünýär.
Türkmen respublikasy meselesinde gürrüň goşgularynyň köpüsini “partiýa, watana we halka” bagyşlan, üç sany goşgy kitabyny çap etdiren, işleri türkmen metbugatynda we Moskwada çykýan gazetlerde peýda bolan, ýurtdaky kemçilikleri açyk we göni tankytlap, SSKP MK-nyň XXIV gurultaýyna uly göwrümli arza bilen ýüzlenen şahyr aýal barada barýar diýip, gazet onuň ejesiniň sözlerine salgylanyp belleýär.
51 ýyllyk gadaganlygyň açyk syry
Annasoltan Kekilowanyň göreşiini “ýeňlip ýeňmegiň” mysal hökmünde häsiýetlendirýän aşgabatly edebiýatçynyň 2012-nji ýylyň noýabrynda "Türkmenistanyň Hronikasy” neşirinde çap etdiren göwrümli işinde bellemegine görä, “Türkmenistan 1991-nji ýyldan soň türkmenistanlylar üçin azat-erkin ýurt bolan bolsady, Annasoltanyň ömri we döredijiligi, şol sanda “Gargalar” goşgusy mekdep programmasyna hökman girizilerdi”.
Anonimlik şertinde pikirini aýdýan edebiýatçynyň pikiriçe, Kekilowa “bu goşguda azaşan halkyň, totalitar režime ýesir düşürilen we şol ýesirlikde saklanýan adamlaryň ýagdaýyny” açyp görkezýär.
Aşgabatly edebiýatçynyň gürrüňi edilýän işinde ozal türkmen edebiýatçylarynyň üns bermedik ýa-da daşyndan aýlanyp geçýän bir meselesi, Kekilowa bilen bir döwürde ýaşan we döreden, ol dälihana ýerleşdirilenden uzak wagt geçmänkä gaçgak esger diýilýäniň atan oklarynyň pidasy bolan Gurbannazar Ezizowyň döredijilik çemeleşmelerindäki tapawut barada hem ilkinji gezek gürrüň edilýär.
Onuň pikiriçe, Ezizow Kekilowanyň “gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok” diýýän dana we dogruçyl gargalaryny garga temasyndan başga goşgy ýazyp, tötänden gara gargaýan we “biz gonsak, gar garalar” diýip pikir edýän betniýet, ýöne ahyrynda doňup galýan şekilde suratlandyran däldir. Elbetde, iki şahyryň düýpden başga görünşde gören gargalary barada başga pikirler hem bar.
Türkmen hökümetiniň Ezizowyň heýkelini dikip, Kekilowa gezek gelende gysylmagy, edebiýatçylaryň ýene birnäçesiniň pikirine görä, bu iki şahyryň biriniň “sapalak atmagy”, beýlekisiniň pikirini gönümel we açyk aýtmagy, susmakdan boýun gaçyrmagy bilen bagly bolup görünýär.
Şahyr we edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň ýazmagyna görä, Annasoltan Kekilowany ilki Köşüdäki keselhanada, soňra Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, hatda Moskwadaky keselhanalarda hem saklapdyrlar.
Moskwadaky keselhana iberilmegini onuň özi talap edipdir, şahyryň şol ýerde özüne goýlan ýalňyş diagnozyň aýrylmagyna kömek ediler diýen tamasy bar eken, emma Moskwa onuň tä ölýänçä hassahanada saklanmagyna “kömek edipdir”.
Eger 35 ýaşynda ýogalan Ezizow bilen 29 ýaşynda dälihana ýerleşdirilen Kekilowanyň döredijilik çemeleşmeleri baradaky meselä dolansak, olaryň birinjisi “şahyr bilen ulus-iliň arasynyň ýakynlygyny” wasp edip, Puşkini duelde atyp öldürendigi aýdylýan Dantes bilen “gidişipdir”, men Puşkini, Lermontowy okadym diýip, uly şahyryň Wolga ýaly bolmalydygyny düşündirmäge çalşypdyr, ikinjisi, hut şol Puşkin ýaly, ýaşaýan ýurdundaky adalatsyzlyklardan, kemsitmeden bizar bolup, daşary ýurda gitmek kararyna gelipdir. Onsoň bu ýerde Puşkiniň “keç ykbalyna” ýa pikirleniş derejesine hakykatda Ezizow ýakyn bolupdyrmy ýa Kekilowa diýen sowal döreýär.
Maglumat üçin aýdylsa, A.S.Puşkin 1816-njy ýylda Orsýetde ýitirim bolan akyl-paýhasyň gaýtadan janlanmagy... barada dileg edipdir.
Indi seredip otursaň, Kekilowa şol döwürde, entek otuzam ýaşamanka, azatlyk ugrundaky pikir-düşünjesinde özüniň şahyr, akademik agasyny-da, “Aýal diýilýän zat ýerdäki taňry” diýip, hakykatda Kompartiýa bilen oýnan halk ýazyjysyny-da, “Biz gyrnak” diýip, dar kabinetlerdäki semiz jenaplaryň edýän işini açyk aýtmak bilen, taryhyň beýleki tarapynda goýupdyr. Has dogrusy, sowetleriň beren bagty hakynda ýazýanlaryň ählisi taryhyň beýleki tarapyndady, ýöne bu taraplar henizem “bulaşyk” bolmagynda galýar diýip, ýerli edebiýatçylaryň biri radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Taryhyň dogry tarapynda galmaga çalyşýan ýa-da süteme garşy çykjak bolýan adamlar hemişe, ýokarda ýatlanan Puşkiniň ykbalyndan hem görnüşi ýaly, häkimiýetlere ýeterlik derejede ygrarly bolmazlykda aýyplanýar. Olary täzeden terbiýelemäge çalyşýarlar, gysýarlar, gorkuzýarlar, “düzelsin” diýip, içerki sürgüne-beýlekä ugradyp görýärler.
Ýöne bu ýagdaýa düşünip, içindäki pitnäni özi bogan we yza çekilen, “näzik elleriniň pamyklygyny ak pagta siňdiren gözelleri” wasp edip, ulus-il bilen şahyryň arasynda ýakynlyk gözlän Gurbannazar Ezizow, goşgularyny şu günüň gözi bilen okasaň, Kekilowany saklan gara diwardan aýlanyp, oňa degmän “geçjek” bolupdyr; esgilerden, doklukdan, ähli artykmaçlykdan halas bolmaga, ýöne dünýäň o çetinden ýa bu çetinden gelýän "halas ediň” sesinden halas bolmazlyga çagyryp, Kekilowa ýaly dälihanada däl, azatlykda we öz öýünde ýalňyz galypdyr, “boşlugyň sesinden boglup”, "iň bolmanda duşmanynyň gelmegini” dilemäge mejbur bolupdyr.
Şol bir wagtda, Kekilowa, belki-de, Ezizowyň gözi giden şahslarynyň biri bolandyr diýen çaklama, pikir hem bar. Ol şahyrlaryň “bir ýerde” öz terjimehallaryny döwrüň ýüzüne bakyp ýazýandygyny, “a bu ýerde bolsa” olaryň dünýäni unudyp, döredijilik üçin şerap içýändigini boýun alypdyr (Şahyryň döwürdeşleri şol döwürde ýazyjy-şahyrlaryň diňe Türkmenistanda däl, SSSR-iň tas ähli ýerinde esasan içgä ýatandyklaryny, özleriniň ýazýan eserlerine kän ynanmandyklaryny aýdýarlar).
Ezizow ýaş hem bolsa, “döredijiligiň soňky demini sanaýandygyny”, eger sen unutsaň, onuň seni unudyp biljekdigini” bilipdir; özüniň geçmişde kim bolandygy, çyn sözden gorkýan we şol gorkusy üçin çyn söze duşman bolýan namart bolup-bolmandygy, eger şahyr bolan bolsa, “ejiz şygrym üçin saçlaryny ýolup, menligine ajy gözýaş dökýändir” diýip, alada edipdir, oba çagyrsalar “özüni ýitiripdir” we ikinji tarapdan, ýüreginiň “ýekeje adama ýeterlik”, “bir pursatlyk” söýgi isleýändigini aýdypdyr. Ol bu isleginiň ýa-da söýgi açlygynyň sebäbini ýüzlenýän adamlaryna tarap “ähli erki hem durky bilen” ýol çekmegi, mydama ýeke söýmegiň “birazajyk agyr düşmegi” bilen düşündirmäge çalşypdyr.
Aýdylyşy ýaly, ilki, başda söz bolupdyr, özem ol söz ýaradan bilen bile bolupdyr, ýagny söz ýaradan bolupdyr... Ýöne söz, Ezizowyň sözleri bilen aýtsak, “kime şapbat, kime bagt, başarmadyk üçin öçügsi ýyldyz, başaran üçin lowlap duran Gün”; erbet goşgy bolsa, suwy kän, duzy az hem, boş taňňyra ýokardan gaçan daş sebäpli dörän “ýakymsyz owaz” hem bolup bilýär.
Azatlyk türkmen edebiýatynyň sowet döwründe ýaşan we döreden iki şahyrynyň mysalynda, şol bir wagtda-da türkmen edebi tankydynda dörän durgunlyk bilen baglylykda, okyjylaryny we diňleýjileri edebi temadan başlaýan çekişmelerine gatnaşyp, öz pikirlerini aýtmaga çagyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.