Rahmonyň Putinden 'hormat' talap edýän wideosy YouTube-da millionlarça tomaşaçy çekdi
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Moskwanyň Merkezi Aziýanyň postsowet ýurtlaryny sylamaýandygy barada kesgin pikirini aýdan wideosy sosial ulgamlarda işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar, oňa häzire çenli millionlarça adam tomaşa etdi.
Wideoda Rahmonyň Putine göni ýüzlenip, Russiýanyň Täjigistana we sebitdäki beýleki ýurtlara bolan garaýşynyň o diýen gowy däldigini aýtdy we Merkezi Aziýanyň Moskwadan has köp maýa goýulmagyna mynasypdygyny belledi.
Rahmon bu beýanaty 14-nji oktýabrda, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitinde etdi. Ýedi minutlyk “YouTube” wideosynda Putin oňaýsyz ýagdaýa düşendigi görünýär. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri bolsa, bolup geçýän zatlara sessiz syn edýärler.
“[Biz] hemişe özümiziň esasy strategiki hyzmatdaşymyzyň bähbitlerine hormat goýduk we hormat goýýarys” diýip, Rahmon Russiýany nazarda tutup aýdýar we "Biz özümize sylag-hormat goýulmagyny isleýäris” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.
Şu aralykda Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Rahmonyö sözüniň arasyny bölmäge synanyşýar, emma ol saklanman: "Biz şunuň üçin ýygnanyşdyk" diýýär.
Putiniň ozal birnäçe gezek agzap geçen meselesi, SSSR-iň dargamagy barada durup geçip, Rahmon özüniň we Putiniň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyna şaýat bolandygyny aýtdy.
“Biz [Sowet Soýuzynyň] nädip dargandygyna siziň bilen bilelikde şaýat bolduk. Men gurultaýlar zalyndadym. Şonda, siz meni bagyşlaň, edil häzirki ýaly, kiçi respublikalara, kiçi halklara üns berilmändi" diýip, Rahmon aýtdy.
Rahmonyň sözlerine görä, SSSR-iň dargamagynyň sebäpleriniň biri sowet döwründe diňe çig mal öndürmek üçin ulanylan Täjigistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň äsgerilmezligi boldy.
Putin, TASS-yň habaryna görä, sowet döwründe milli dillerde kitaplaryň neşir edilendigini, teatrlaryň açylandygyny, medeniýetiň we ykdysadyýetiň ösendigini aýtdy.
Rahmon Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uly maýa goýumlaryny soramaýandygyny aýtdy we Russiýanyň sebite maýa goýmalydygyny, sebäbi ýatyrylan milliardlarça maýanyň “örän gysga wagtda özüni ödejekdigini” aýtdy.