Gazak Senaty Türkmenistan bilen döwlet serhedi baradaky şertnamany tassyklady
Gazak metbugatynyň wise-premýer, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, iki goňşy ýurduň arasynda baglaşylan şertnamanyň tassyk edilmegi Türkmenistan bilen arada serhet dawalarynyň döremek ähtimallyklaryny aradan aýrar.
Tassyklanan şertnama laýyklykda, Hazar deňzindäki suw derejesiniň peselmegi bilen baglylykda iki ýurduň arasyndaky döwlet serhediniň çägi üýtgemez.
Bu şertnama bir ýyl çemesi öň, 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, Aşgabatda gol çekildi.
Iki goňşynyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň maksady Gazagystan bilen Türkmenistanyň Hazar deňzindäki döwlet serhet çäklerini, territorial suwlary we balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemekden ybarat.