Prezident sport ministrligini komitet etdi, etrap häkimlerini täzeledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek baradaky karara gol çekdi.
Türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin döredilen ministrlik indi, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, döwlet komiteti hökmünde işlär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda sport desgalaryny gurmak, saklamak üçin milliardlarça dollar harçlandy, türkmen metbugaty onuň ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasyny goýup, bu meselede uly öwrülişik edendigini öňe sürdi.
Şeýle-de prezident, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi Dörtguly Hojaýewi, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi Döwletmyrat Güjikowy wezipelerinden boşadyp, olaryň ýerine täze emeldarlary belledi.
Şu aralykda türkmen prezidentiniň Bilim ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklandygy habar berildi. Biraz öň ýurduň bilim ministrine berk käýinç berlipdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň durkuny üýtgetmek, jogapkär wezipeleri eýeleýän emeldarlary ýygy-ýygydan täzelemek adaty zada öwrüldi.
Şonuň bilen birlikde, täze wezipä bellenilýän adamlaryň-da, wezipeden gyrakladylan öňki resmileriň-de hakykatda nähili bilim-tejribesiniň bardygy, işlän işinde döwlete we halka näme peýda ýa zyýan getirendigi belli bolman galýar.