Eýranlylar Mahsa Amininiň 40-yny belläp, "Diktatora ölüm!' diýip gygyrdylar
22 ýaşly Amini 16-njy sentýabrda Tähranda, hijabyny düzüw örtünmezlikde aýyplanyp tussag edileninden üç gün soň, polisiýa gözegçiliginde aradan çykdy.
Resmiler tarapyndan ýürek keseli sebäpli diýlip düşündirilen ölüm ýurduň şäherlerinde hökümete garşy nägilelik tolkunyny döretdi.
Eýranyň Osloda ýerleşýän Adam hukuklary topary bu protestler güýç bilen basylyp ýatyrylan wagtynda azyndan 215 adamyň, şol sanda 27 çaganyň öldürilendigini aýdýar.
Eýrany dolandyrýan dindarlar toparynyň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri ýüzbe-ýüz bolan iň uly protest tolkunlarynyň biriniň başyny ýaş aýal-gyzlar we mekdep okuwçylary çekýär.
26-njy oktýabrda günbatar Kürdüstan senbitinde, Amininiň dogduk şäheri Sakesdäki Aýçi gonamçylygyna onlarça erkek we aýal ýygnandy. Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, howpsuzlyk gullugy Mahsa Amininiň maşgalasyna “olaryň öz ogullarynyň jany barada alada etmelidigini” aýdyp, haýbat atypdyr.
Bu ýerdäki ýas çäresine gatnaşanlar, wideolardan görnüşine görä, “Diktatora ölüm” diýen şygara gygyrypdyrlar.