Türkmenistan, Gruziýa arasynda uçar gatnawyny açmak şertnamasy güýje girdi
Habarda aýdylmagyna görä, gürji parlamenti iki ýurduň hökümetleriniň “Howa aragatnaşygy barada” şu ýylyň 20-nji iýulynda baglaşan şertnamasyny tassyklady we Aşgabat bilen Tbilisiniň göni uçuşlara başlamagyna mümkinçilik berýän ylalaşyk güýje girdi.
Resminama laýyklykda, Gruziýa (Gürjüstan) we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, ýolagçylary we ýükleri daşamak hukugyny aldylar.
Iki ýurduň awiakompaniýalary birek-birekde petek (bilet) satuw ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe, täze gatnaw ýakyn geljekde ýola goýlar diýip, habarda bellenýär.