Eýran häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň ýogalan žurnalistini ýaşyrynlykda jaýladylar
Eýran häkimiýetleri AÝ/AR-nyň Eýran gullugynyň ýogalan žurnalisti Reza Hagigatnejadyň jesedini gizlinlikde jaýladylar. Bu habary onuň maşgalasyna Yslam rewolýusiýasyny goraýjylar korpusy ýetirdi.
Azatlyk radiosy mundan öň žurnalistiň jesediniň ýurduň günortasyndaky Şiraz şäheriniň howa menzilinde ogurlanandygyny habar beripdi.
Rewolýusiýa goragçylary korpusy, Eýranda uly syýasy güýje eýe bolup, harbylaşdyrylan düzüm hökmünde, Birleşen Ştatlar tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna girizildi.
Goragçylar korpusynyň wekilleri, öz tassyklamalaryna görä, Hagigatnejadyň kakasyna žurnalistiň mazarynyň suratyny gowşurdylar, emma onuň jaýlanan ýerini aýtmadylar.
Syýasy analitik Reza Hagigatnejad 2019-njy ýyldan bäri Eýran gullugynyň, “Farda” radiosynyň ofisinde işleýärdi. Ol işi sebäpli watanyna gaýdyp baryp bilmedi.
17-nji oktýabrda, 45 ýaşynda Berliniň "Charite" klinikasynda rak keselinden aradan çykanyndan soň, žurnalistiň jesedi Eýrana äkidildi. Ýöne häkimiýetleriň öňünden beren rugsadyna garamazdan, garyndaşlary ony öz dogduk şäheriniň gonamçylygynda jaýlap bilmedi.
AÝ/AR-nyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Jeými Flaý Eýran režiminiň Hagigatnejadyň maşgalasyna basyş etmeginiň "masgaraçylykly we ýigrenji" bolandygyny, olaryň merhumy režimiň ýanamazlygynda jaýlamagyna rugsat bermelidigini aýtdy.