Ussat dirižýor Aşyr Hojatow 70 ýaşady
Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar simfonik orkestriniň dirižýory Aşyr Hojatow 70 ýaşady diýip, “Orient” habar berýär.
Hökümetçi neşir halypa sazandanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan göwrümli makala bilen birlikde, onuň dürli döwürlerde düşen birnäçe suratyny hem çap etdi.
Hojatowy “Sazyň azan atasy” diýip atlandyran kompozitor Suhan Tüýliýew onuň, ussat sazandalygynyň, drižýorlygynyň gapdalyndan, elmydama ýaş kompozitorlaryň, ýaş aýdymçylaryň goldawçysy bolandygyny belleýär.
“Kompozitor üçin dirižýor dostunyň bolmagy – bagt. Bu babatda meniňki hem ugruna boldy” diýip, Tüýliýew Aşyr Hojatowyň öz döreden simfonik we wokal-simfonik eserleriniň hemmesiniň ilkinji ýerine ýetirijisi bolandygyny aýdýar.
Türkmen metbugaty soňky onýyllyklarda tanymal döredijilik wekilleriniň belli seneleri, ýaş toýlary, şol sanda ölümi baradaky habarlary juda az çap edýär.
Emma hökümetçi neşirler, soňky birnäçe aýda çykan makalalardan çen tutulsa, döwlet eýeçiligindäki metbugatda dilden girizilen gadagançylygy bozup, döredijilik adamlary hakynda ýazylan makalalary, olar bilen geçirilen söhbetdeşlikleri, ýatlamalary çap etmek däplerini dikeltmäge çalyşýar.