Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Galkynyş” käniniň gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynyň işgär sany azalýar

“Galkynyş” käniniň gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynyň işgär sany azalýar

Ýangyç-energetika serişdelerine baý Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” ýatagyndaky gazy kükürtden arassalamak boýunça desganyň işgär sany gün-günden azalýar. Hususan-da, toplumyň arassalanmadyk kükürt bölüminiň ençeme işgärleri desgada adam saglygyna howp abandyrýan iş şertleriniň arasynda, saglyk aladalaryna salgylanyp, öz islegleri boýunça işlerini terk edýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky wagtlarda kükürt bölüminiň işgärleriniň arasynda ýürek keseli, öýken keseli ýa-da aşgazan keseli bilen keselläp, hassahana ýerleşdirilýän işgärleriň sanynyň köpelýändigini habar berýär.

“Keselleýän işdeşlerimiziň sany gün-günden köpelýär, işgär sanymyz azalýar. Köp sanly işgärler arassalanmadyk kükürdiň adam saglygyna uly zyýan ýetirýändigini bilip, öz arzalary boýunça işden gidýär. Bu bizi oňaýsyz ýagdaýa salýar” diýip, desganyň bir hünärmeni anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz desganyň saglyk howpsuzlygy bilen bagly iş şertlerini içgin öwrenmek üçin birnäçe işgär bilen gürrüňdeş boldy. Olar iş howpsuzlygy kadalarynyň talaplaryna laýyklykda özleriniň ýörite iş eşikleri bilen tölegsiz üpjün edilmegini hem-de aýlyklarynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýärler.

“Galkynyş” gaz käni Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýär. Desgada soňky aýlarda keselçilikden ejir çekýän işçileriň käbirleri paýtagt Aşgabadyň hassahanalaryna baryp, bejergi almagy makul hasaplaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan senagat işçileri Aşgabadyň bir hassahanasyndaky lukmanlaryň hem soňky wagtlarda “Galkynyş” gaz käniniň kükürt bölüminiň işgärleriniň arasynda öz keselhanalaryna baryp, saglyk bejergisini alýan syrkawlaryň sanynyň ýokarlanýandygyny tassyklaýandyklaryny aýdýarlar.

“Bir çalşykda işleýän işdeşim Aşgabatdaky bir ýürek-damar keselleri boýunça hassahana gidip, saglyk bejergisini kabul etdi. Biz hem onuň ýagdaýlaryny soramak üçin yzyndan bardyk. Lukmanlar soňky aýlarda Marynyň Ýolöten etrabynyň “Galkynyş” gaz zawodunda ýarawsyzlaşyp, keselhana gelýän hassalaryň kändigini aýdýarlar” diýip, bir işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ozalky ýyllarda desganyň düzüminde üç sany kükürtden arassalaýjy desga gurlup, işe girizildi.

Gazy kükürtden arassalaýan 1-nji baş desgadaky arassalaýjy toplumlaryň biri Birleşen Arap Emirlikleriniň “Petrofak” kompaniýasy tarapyndan, beýlekisi Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Gazy kükürtden arassalaýan 2-nji baş desganyň arassalaýjy toplumlary Hytaýyň CNPC kompaniýasy tarapyndan guruldy.

Ýer astyndan çykarylýan gazy kükürtden arassalaýan bu kärhanalar “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň düzümine girizildi.

Türkmen metbugatyna görä, birnäçe ýyl mundan ozal, “Galkynyş” gaz käni 1600 töweregi adamy iş bilen üpjün edýärdi. Soňky ýyllaryň dowamynda bu iri gaz ýatagyny özleşdirmek işleriniň ikinji tapgyryna badalga berildi.

Türkmenistanyň öňe sürýän iri transmilli taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň “Galkynyş” gaz käninden gözbaş almagyna garaşylýar. Şeýle-de, iri gaz käniniň Hytaý bilen Türkmenistan arada çekiljek dördünji gaz geçiriji şahasynyň esasy serişde binýadyna öwrülmegine garaşylýar.

Galyberse-de, türkmen hökümeti “Galkynyş” känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek babatda Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň 2022-nji ýylyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, ýurduň energetika ulgamyndaky ösüşler barada habarlary çap edýän döwlet metbugaty gaz känindäki kükürtden arassalaýjy desgalarda zähmet çekýän işçileriň iş şertleri we saglyk aladalary barada habar bermeýär.

“Biz ilkibaşda işe girenimizde ýörite eşikler bilen üpjün edildik. Olar gysga wagtyň içinde ýyrtylýar. Şonuň üçin, öz aýlygyňdan pul töläp, ýörite eşik satyn almaly bolýar. Diňe ýörite iş eşigini däl, eýsem, agyz-burun örtüklerini hem öz hasabymyza satyn aldyrýarlar” diýip, ýene bir senagat işçisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti “Galkynyş” gaz känininiň trillionlarça kub mertre barabar gaz gorlaryny ýurduň iň esasy baýlyklarynyň hatarynda mahabatlandyrýar. Döwlet mebtugatyna görä, “Galkynyş” gaz käni, golaýyndaky ýataklar bilen bilelikde, 27 trillion kub metr töweregi gaz gorlaryny özünde jemleýär.

“Bu azalyp barşymyza, basym işgär galmaz. Biziň aýlyklarymyzy götermeli, ýörite egin-eşik bermeli, agyz-burun örtüklerini edara üpjün etmeli, çekilýän zyýan üçin aýlyklarymyzyň üstüne pul goşmaly” diýip, desganyň iş şertleriniň getiren saglyk aladalaryndan şikaýat edýän ýerli hünärmänler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdylar.

“Galkynyş” gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan desgalaryň hatarynda, türkmen metbugatyna görä, ýylda 800 müň tonna kükürdi granurleýän we gaplaýan gurnamalar bar. Türkmen metbugaty ýerli kärhanalarda öndürilýän kükürtiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini habar berýär. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 25-nji oktýabrda geçiren söwda geleşiklerinde ýerli telekeçi bahasy 1,1 million manada deň bolan granurlenen tehniki kükürdiň 520 tonnasyny satyn alypdyr. Tomus aýlarynda Türkmenistanyň döwlet biržasy külkelenen kükürdiň tonnasyny 230 dollardan satdy. Şol döwürde geçirilen bir geleşikde gazagystanly bir telekeçi 4,6 million dollara 20 müň tonna kükürt satyn aldy.

Bu aralykda, türkmen metbugaty Türkmenistanyň senagat desgalarynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Фехтовальщики из Химок стали победителями турнира «Сурские клинки»

В цвете «огонь»: что известно о новой Lada Iskra и чем она отличается от предшественниц

Участники детского клуба «Лето Побед» встретились с директором фестиваля «КиноЕжик»

Стенд Подмосковья на ПМЭФ-2024 представил роботов и интерактивную панель

Музыкальные новости

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Скандал с пенальти, отмена гола Вендела и решающий мяч Алипа на 95-й! «Зенит» победил «Балтику» в финале Кубка России

«Зенит» добыл волевую победу в матче с «Балтикой» и завоевал Кубок России

Новости России

«ЕРЗ.РФ»: девелопер «Самолет» сохраняет лидерство по вводу жилья в России

Врач Ораева заявила о вреде молочных коктейлей в жару

Мэр: Мемориальная квартира Пушкина открывается на Арбате после масштабной реставрации

NFT-скам: популярные схемы и средства защиты

Экология в России и мире

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

Спорт в России и мире

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Андреева рассказала о своих планах на предстоящий матч с Соболенко во Франции

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

В этом году обновят 35 км трассы Р-255 Сибирь в Тайшетском и Нижнеудинском районах Приангарья

Тин-Мерзуга

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *