Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda A-95 kysymly benziniň gytçylygyndan soň, A-92 hem tapdyrmaýar

Mary welaýatynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda ýangyç gytçylygy dowam edip, bu gahatlyk A-92 kysymly awtoulag benzinine hem baryp ýetdi. Sürüjiler ilata elýeterli bolan ýangyjyň hiliniň pesdigini belläp, ulaglara zyýan ýetirýändiginden şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


"Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygyndan soň, A-92-iň gahatçylygy hem güýçlendi. Welaýatyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda bu benzinler tapdyrmaýar. Ähli ýangyç guýujy beketlerde A-80 benzini satylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, ýagdaýdan habarly maryly ulag sürüjisi aýtdy.


Ýatlatsak, şu aýyň başynda sebitdäki habarçymyz Marynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygynyň güýçlenendigini, onuň diňe döwlet belgili ulaglaryň sürüjilerine satylýandygyny habar beripdi.




Maryly sürüjiler häzir ilata elýeterli bolan ýangyjyň, ýagny A-80 kysymly benziniň hiliniň pesdigini belläp, ulaglara zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Olar A-95 benziniň tiz wagtda gaýtadan satylyp başlamagyna umyt baglaýandyklaryny hem belleýärler.


"Ilkibada beýleki benzinleri tapman, A-80 markaly benzini guýmaga kaýyl boldum. Başda ol ulagyň içindäki gowy hilli benzin bilen garyşyp, ulagyň benzin ýakyşynda o diýen aratapawut duýmadym. Ýöne soň-soňlar irden ulagymy işletjek bolanymda, köp aýladyp ýöretmeli boldum. Häzir ulagyň yzky tüsse çykaryjy turbasyndan güýçli tüsse çykýar. Bu näsazlyklar bilen A-80 benzini ulanyp başlanymdan soň ýüzbe-ýüz bolup başladym" diýip, başga bir maryly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk A-80 kysymly awtoulag benzininiň hiliniň pesdigi we ulaglara zyýan ýetirýändigi baradaky öňe sürmeleri ýangyjyň hilini öwrenýän ylmy edaralara ýa-da çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.


Ýöne Azatlyk bilen 1-nji noýabrda söhbetdeş bolan ulag sürüjileriniň birnäçesi hem, A-80 we A-92 kysymly awtoulag benzinleriniň hiliniň pesdigini, olaryň awtoulaglaryň hereketlendirijilerini adatdakysyndan has tiz wagtda hatardan çykarýandygyny aýdypdylar.


Bu aralykda, maryly sürüjileriň ençemesi Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň ulaglary saklap, olaryň yzky tüsse çykaryjy turbalaryny barlamak işlerini hem güýçlendirendigini aýdýarlar.




"Ýol polisiýasy tüsse çykaryjy turbalara ýörite enjam sokup, onuň howany hapalaýandygyny ýa hapalamaýandygyny barlaýarlar. Enjamyň nädip işleýändigine polisiýa işgärleri-de düşünmeýär. Olar 'enjam ulagyň howany zaýalaýandygyny görkezýär' diýip, 100 manat jerime ýazjak diýýärler ýa-da 50 manat para soraýarlar" diýip, sürüji belledi.


Türkmen häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri sebitde emele gelen benzin gytçylygy we onuň sebäpleri barada düşündiriş ýa maglumat bermeýärler. Azatlygyň bu barada Marynyň häkimliginden, “Türkmenhimiýa” we "Türkmennebit" döwlet konsernlerinden kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmaýar.


Ýurduň dürli sebitlerinde soňky dört aý gowrak wagt bäri ýitileşýän benzin gytçylygy baradaky maglumatlar ýangyjyň daşary ýurtlara satylýandygy hakda döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde we ýarym-resmi hökümetçi neşirlerde habarlaryň yzygiderli çap edilýän mahalyna gabat geldi.


Hökümetçi we döwlet gözegçiligindäki neşirler 24-nji oktýabrda bahasy 50 million ABŞ dollaryna golaý we ​17-nji oktýabrda bahasy 18 million ABŞ dollaryna golaý benziniň Azerbaýjana, Owganystana we Özbegistana eksport edilendigini habar berdiler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *