Türkmenistan ABŞ bilen saglyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
Bu resminama türkmen tarapyndan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow, ABŞ tarapyndan döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa döwletleri boýunça kömekçisi Donald Lu gol çekdi.
Ähtnama iki döwletiň hökümetleriniň arasyndaky saglygy goraýyş hyzmatlary, adatdan daşary keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, kliniki saglygy goraýyş, saglygy goraýyş pudagynda sanly çözgütleri durmuşa geçirmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara gözegçilik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy üpjün edýär.
Taraplar özara maslahatlary geçirmek, hünärmenleriň we maglumatlaryň alyş-çalyşlaryny guramak, bilelikdäki taslamalara, simpoziumlara we konferensiýalara gatnaşmak, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksadyna eýerýärler.
Şeýle-de, bu ylalaşygyň iki ýurduň saglyk ulgamlary bilen baglanyşykly jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda göni aragatnaşyk saklamaga kömek etjekdigi aýdylýar.