Owgan aýallary BMG-niň Zorluga garşy gününiň öňünden protest geçirdiler
Owgan aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik durmuşy "Talyban" geçen ýylyň awgust aýynda häkimiýet başyna gaýdyp geleli bäri berk gyşyşa sezewar edildi. Bu ýagdaý aýallaryň kiçijik toparlarynyň adatça tiz, käte zorluk bilen basylyp ýatyrylýan protestleriniň döremegine getirdi.
Şu aýyň başynda "Talyban" aýal-gyzlaryň seýilgählere, güýmenje ýerlerine, sport zallaryna we jemgyýetçilik hammalaryna girmegini hem gadagan etdi.