Elektrik bökdençlikleri barada habar beren özbek bloggerine jerime ýazyldy
Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana regionynda sud ýurduň energiýa üpjünçiligindäki bökdençlikler barada habar beren bloggere jerime saldy.
Özbegistanyň Ýokary sudunyň metbugat gullugynyň 13-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Olimjon Haýdarow 21 million som ($1 müň 863) möçberinde jerime tölemeli bolar. Ol “ýalan maglumat” ýaýratmakda we köpçülikleýin toplanşyklar baradaky düzgünleri bozmakda günäli tapyldy.
Haýdarow bilen birlikde başga bloggerler hem soňky hepdelerde Fergana regionyndaky elektrik we gaz bökdençlikleri barada habar berýärler.