Eýran protestçileriň öz-özüni garalaýan wideosyny çap etdi
Eýran öz-özüni garalap, jenaýaty amal edendigini “boýun alýan” ençeme protestçiniň wideosyny köpçülige ýaýratdy. Bu galp sud diňlenişikleriniň netijesinde has köp adamyň ölüm jezasyna höküm edilmek howatyrlaryny artdyrdy.
Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy bilen ilteşikli Tasnim habar serişdesi 14-nji dekabrda bäş adamyň, hamana, ýurduň günortasyndaky Şiraz şäherinde partladyjyny ýaryp bilmändigini “boýun alýan” wideosyny çap etdi.
Wideoda bu adamlar partladyjy bilen ilteşiklidigi aýdylýan öz rollary barada gürrüň berýärler.
Emma bularyň ýakynlary we dostlary bu “boýun almalary” dessine ret etdiler. Olar bu görkezmeleriň gynamalaryň netijesinde alnandygyny aýtdylar.
Maglumata görä, grafik dizaýneri, snowbording boýunça tälimçi, welosipedtçi ýaly wezipelerde zähmet çeken bu raýatlaryň hiç biri aklawçy bilen habarlaşyp bilmändir.
Sosial mediada howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere has ýowuz hökümleriň çykarylmagy üçin, ýalan we çişirilen aýyplamalary ýöňkeýändigi barada maglumatlar hem paýlaşylýar.