Owganystanda onlarça zenan bilim almak hukugyna girizilen gadaganlygy protest edýär
Owganystanyň günbatar Herat şäherinde esasan studentlerden ybarat bolan onlarça aýal-gyz “Talybanyň” zenanlaryň bilim almagyna girizen gadaganlygyna protest bildirmek üçin 24-nji dekabrda köçelere çykdy.
Kiçi-kiçi toparlara bölünen protestçiler “okuw biziň hukugymyzdyr” diýip gygyrdylar we welaýat häkiminiň edara binasynyň öňünde ýygnanyşdylar diýip, bir protestçi dpa habar agentligine gürrüň berdi.
“Talyban” güýçleri ýygnananlary suw toplary, taýaklar we dürreler bilen dargatmaga çalyşdy diýip, beýleki bir protestçi aýtdy.
“Talybanyň” aýal-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynda we mekdeplerde okamagyny gadagan edýän karary güýçli halkara garşylyga sezewar boldy.