Eýranda hökümete garşy guralan protestler dowam etdirilýär
Eýranly demonstrantlar 26-njy dekabrda Eýranyň dürli şäherlerinde köçelere çykyp, sentýabr aýynda polisiýa tussaglygynda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölümi sebäpli hökümete garşy başlan çykyşlaryny dowam etdirdiler.
Sosial ulgamlarda çap edilen wideolarda Eýranyň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň Daşti şäherinde adamlaryň 35 ýaşly protestçi Hamed Mollainiň 40-yna gabat köçelere çykandygy we hökümete garşy “Biz çaga öldürýän hökäümeti islemeýäris” diýen ýaly şygarlara gygyrandygy aýdylýar.
Iki sany ýaş gyzyň kakasy bolan Mollai 17-nji noýabrda Daşti şäheriniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.
Ol Eýranyň aýal-gyzlardan talap edýän berk geýim kodeksini bozandygy sebäpli saklanan we tussagda ýogalan Aminiň ölüminden bäri tutuş ýurdy gaplap alan nägilelik ýörişlerinde Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilen 500-e golaý adamyň, azyndan 62 çaganyň biri bolup durýar.