Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işlerinde köne tehnikalar ulanylýar

Suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işlerinde köne tehnikalar ulanylýar

Pagta möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany, şu günler Türkmenistanyň Lebap welaýatynda suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işleri dowam etdirilýär. Amyrderýadan gözbaş alyp, Çärjew etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarýan emeli kanallary arassalamak işleri ‘talabalaýyk’ alnyp barylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenabat şäherini kesip geçýän bäş suw akabasynyň ikisi Çärjew etrabynyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän ekerançylyk meýdanlaryny suwarýar. Häzir akabalarda suwlar kesildi, gazuw işlerine badalga berildi. Ýöne gazuw işlerine çekilýän ekskawatorlar suw kanallaryny doly arassalap bilmeýär. Tehnikalar köne, ekskawatorlaryň susaklary kanallaryň orta gürpündäki gumlary aýryp bilmeýär. Sebäbi susaklar ýetmeýär, ekskawatorlar zordan işleýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirip gelýär. Bu ýagdaýlar ýurduň suw hojalygynyň netijeli dolandyrylmagy bilen bagly tankytlara ýol açýar.

Ekerançylyk suwlarynyň bisarpa ulanylmagy, köp suw talap edýän gowaça ekinini ösdürip ýetişdirmek üçin her ýyl döwlet tabşyrygy esasynda ýüzlerçe müň gektar ekerançylyk meýdanlarynyň bölünip berilmegi, bar bolan suw kanallarynyň wagtly-wagtynda arassalanmazlygy, täze suw akabalarynyň gazylmazlygy we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ýeterlik derejede ornaşdyrylmazlygy ýaly meseleler ýurduň suw hojalygyndaky esasy problemalaryň hatarynda agzalýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary oktýabr aýynyň ahyrlarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Amyderýadan gözbaş alýan emeli kanallary we zeýkeşleri gazmak işlerine badalga berlendigini habar berdiler.

Lebapda suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işleri köne ekskawatorlaryň işe ýaramsyzlygy zerarly, uly bökdençliklere sezewar bolýar.

“Köne tehnikalar pilçelerini uzadyp, suw akabalarynyň ortasynda üýşen gumlary aljak bolsalar, ekskawatorlaryň nasosyna barýan uly basyşly ýag şlangasyndan ýag akýar” diýip, bir ýerli mehanizator Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Merkezi Aziýanyň iň esasy suw çeşmeleriniň bir bolan Amyderýa Türkmenistanyň gündogar sebitlerini kesip geçýär. Gözbaşyny Amyderýadan alýan we dünýäniň iň uzyn emeli kanallarynyň biri bolan Garagum kanaly ýurduň dört sebitiniň suw üpjünçiligine ýardam berýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary, mundan ozal, Amyderýanyň hem-de Garagum kanalynyň suwunyň çekilýändigi barada habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary ýurduň suw hojalygy ulgamynyň dolandyrylyşyndaky problemalary gytaklaýyn boýun alyp, wagtal-wagtal bu ulgamda kadr çalşygyny yglan edýärler. Ýöne suw hojalygyndaky problemalar aradan aýrylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu günler ýurduň gündogar sebitlerinde dowam etdirilýän akabalary çuňaldyş we arassalaýyş işleriniň ‘çala-çula’ ýerine ýetirilýändigini aýdyp, köprüleriň aşagynda üýşen çöp-çalamlaryň we zir-zibilleriň arassalanmaýandygyny, ol ýerlere üýşen gumlaryň gazylyp alynmaýandygy habar berýärler.

Ýerli ýaşaýjylar akabalaryň üstünden gurlan köprüleriň aşaklarynyň ýyllaryň geçmegi bilen gumdan we zir-zibilden dolandygyny, ol ýerlere üýşen köne awtoulag tekerleriniň köpri sütünleriniň arasynda böwet emele getirendigini aýdýarlar.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary sebitde köprüleriň aşagyny arassalamak üçin ýörite tehnikalaryň ýetmezçilik edýändigini habar berýärler.

Muňa garamazdan, kanallary çuňaldyş işleriniň barşy barada berilýän hasabatlarda bar bolan kynçylyklar we kemçilikler agzalmaýar.

“Lebap welaýatynyň häkimine suw akabalary gazylýar diýlip, hasabat berilýär. Ýöne akabalaryň arassalanman galýan ýerleri barada dil ýarmaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolýan ýerli daýhanlar suw akabalarynyň gyş möwsüminde talabalaýyk çuňaldylmaýandygy we arassalanmaýandygy sebäpli, oba hojalyk möwsüminde ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş işleriniň kynlaşýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, ýurduň dürli sebitlerinde şor suw akabalarynyň wagtly-wagtynda gyrmançalardan arassalanmazlygy  hem oba hojalyk önümçiligine oňaýsyz täsir edýär.

Bu aralykda, türkmen hökümeti suw dolandyryş ulgamynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdýar.

Ýatlasak, oktýabr aýynda Türkmenistan we Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi.

Galyberse-de, dekabryň başynda Türkmenistan we Eýran Tejen we Etrek derýalaryny giňeltmek; derýalarda gazuw işlerini geçirmek; Eýran, Türkmenistan we Owganystan arasynda Tejen derýasy babatda üçtaraplaýyn ylalaşygy düzmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Пострадавших в результате ЧП на участке Сокольнической линии в Москве нет

1 июня День памяти великого князя Димитрия Донского

В Подмосковье прошел VI форум молодых специалистов образовательных организаций

С. ОСЕТИЯ. Глава североосетинского села подозревается в мошенничестве

Музыкальные новости

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

В Екатеринбурге Росгвардия обеспечила правопорядок на переходном матче Чемпионата России по футболу

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Новости России

В суд поступило ходатайство о продлении домашнего ареста блогеру Портнягину

Ждут гостей: в Петербурге завершается подготовка к ПМЭФ-2024

Пострадавших в результате ЧП на участке Сокольнической линии в Москве нет

Аптечная сеть «Мособлмедсервис» стала победителем конкурса Росздравнадзора

Экология в России и мире

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Я думала, мы умрем: американка переехала в Великобританию и столкнулась с левосторонним движением, праворульными машинами и механической коробкой передач

Елена Шерипова: самые модные головные уборы на лето

Третья Московская неделя моды: масштабное событие с участием дизайнеров из России и мира пройдет в октябре

Спорт в России и мире

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Россиянин Котов уступил итальянцу Синнеру в третьем круге "Ролан Гаррос"

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

Moscow.media

Удаленная настройка охранных комплексов StarLine

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

POMPEYA и O! МАРГО выступят на фестивале «НЕБО»

Жулан.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *