Türkmenistan 11 aýda Özbegistana 12,7 müň tonna sement eksport etdi
Özbegistan geçen ýylyň on bir aýynda Türkmenistandan 12,7 müň tonna sement import etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Bu döwürde Özbegistan daşary ýurtlardan 2,1 million tonna sement import edipdir (umumy bahasy 87,4 million ABŞ dollary).
Özbegistanyň Türkmenistan bilen aradaky daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 858,6 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,8% artdy diýip, habarda aýdylýar.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bu döwürde Özbegsistana Täjigistan (903 müň tonna), Gyrgyzystan (623,5 müň tonna), Gazagystan (558,6 müň tonna), Eýran (17,6 müň tonna), Hytaý (1,4 müň tonna) we Russiýa (1,1 müň tonna) ýaly ýurtlar hem sement satdy.
Özbegistandan we dünýäniň beýleki köp ýurdundan tapawutlylykda, Türkmenistan daşary ýurtlardan satyn alýan harytlary we hyzmatlary, daşary ýurtlara satýan harytlaryndan alýan giderjileri, algy-bergi meseleleriniň çözgüdi barada anyk we doly maglumat bermeýär.