Özbegistanda inflýasiýanyň derejesi üç ýylda ilkinji gezek 12,25% boldy
2022-nji ýylda Özbegistanda sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bahasy 12,3% ýokarlandy diýip, döwlet statistika komitetiniň "Özbegistan Respublikasynyň sarp ediş pudagynda inflýasiýanyň derejesi" diýen at bilen çap eden hasabatynda aýdylýar.
Bu soňky üç ýylda ýurtdaky inflýasiýanyň iň ýokary görkezijisi bolýar. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2021-nji ýylyň dekabrynda ýyllyk inflýasiýanyň derejesi 9,98%, 2020-nji ýylyň ahyrynda 11,1% boldy.
Geçen ýyl bahalaryň ýokarlanmagy boýunça öňdebaryjy orny azyk önümleri eýeledi. Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda azyk önümleriniň bahasy 15,6% ýokarlandy (aýda ortaça 1,2%). Şol bir wagtda, azyk däl önümleriň bahasy 10,7%, tölegli hyzmatlar 8,4% ýokarlandy.
2022-nji ýylda çörek önümleriniň bahasy ortaça 31,3%, şeker we konditer önümleriniň bahasy - 24,6%, süýt we beýleki süýt önümleriniň, ýumurtganyň bahasy 19,1% ýokarlandy.