ABŞ bikanun gelmäge synanyşýan özbeklere jenaýatyň pidasy bolmak howpuny duýdurdy
ABŞ-nyň Daşkentdäki ilçihanasy Meksikanyň üsti bilen Birleşen Ştatlara girmäge synanyşýan özbeklere jenaýatyň, adam söwdasynyň we maliýe galplygynyň pidasy bolup, öz janlaryny howp astyna salmak ähtimallygyny duýdurdy.
"ABŞ-nyň ilçihanasy Birleşen Ştatlaryň çägine bikanun girmäge synanyşýanlaryň jenaýatyň, adam söwdasynyň we maliýe galplygynyň pidasy bolmak howpunyň abanýandygyny duýdurýar" diýip, amerikan ilçihanasynyň habarynda aýdylýar.
"Birleşen Ştatlara bikanun kanallar arkaly gelmek hiç wagt howpsuz bolmaýar" diýip, ilçihana aýtdy.
ABŞ ilçihanasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna barmakçy bolýan migrantlary, bikanun migrasiýa töwekgelçiligine, howp-hatarly ýollara baş urman, ýurda girmegiň kanuny ýollaryny öwrenmäge çagyrdy.