Prezident suw serişdelerini netijeli peýdalanmagy buýurdy
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak baradaky buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy diýip, TDH anyklaşdyrmazdan habar berýär.
Türkmenistan sebitde suw serişdelerini iň bir bisarpa ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde tankyt edilýär. Sowet döwründen gelýän suw zaýaçylygy ýurduň ekerançylyk ýerleriniň onlarça ýyllap, yzygiderli zaýalanmagyna, hasyllylygyň pese gaçyrylmagyna, azyk gytçylygynyň döremegine we ilatyň daşary ýurtlardan import edilýän önümlere barha kän garaşly bolmagyna alyp geldi.
“Global suw baýlyklarynyň ýagdaýy” barada geçen ýylyň aýagynda çap edilen ilkinji hasabatda aýdylmagyna görä, 2001-2018-nji ýyllar aralygynda bolan tebigy betbagtçylyklaryň 74% -i suw bilen baglanyşykly boldy.
“Progress.online” neşiriniň Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň hasabatyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2021-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ýerasty we ýerüsti suw gorlarynyň ählisi kadaly derejesinden peseldi; sebitiň derýa akymlary derýadan akýan hemişeki suw mukdarynyň ortaça derejesinden aşak gaçdy.
Merkezi Aziýa döwletleri dünýäde adam başyna iň kän suw sarp edýän ýurtlardyr. Sebitdäki suwuň 90% -den gowragy suwaryş üçin ulanylsa-da, oba hojalygynyň jemi içerki önümdäki paýy bary-ýogy 15% diýip, “Progress.online” belleýär.