Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanly býujet işgärleri üçin 2023-nji ýyl ýolbaşçylaryň pul ýygnamak kampaniýasy bilen başlandy

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri üçin täze 2023-nji ýyl edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýene pul ýygnamak kampaniýasy bilen başlandy. Bu gezek olardan dört zat üçin pul ýygnalýar.

Býujet işgärleri edara-kärhanalaryň otaglaryndaky prezidentiň portretlerini çalyşmak, onuň aşagyna haly satyn almak, 2023-nji ýylyň şygaryny asmak we gazet-žurnallara abuna ýazylmak üçin pul goşmaga mejbur bolýarlar.

"Bu Türkmenbaşy şäheriniň bilim we saglygy goraýyş edaralaryna, polisiýa bölüminiň işgärlerine 'Täze ýyl sowgady' boldy" diýip, balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Býujet işgärleri:

prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretini çalyşmak üçin 60 manat,

müdiriň otagyndaky portretiň aşagyna türkmen halysyny satyn almak üçin 100 manat,

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygary üçin 50 manat,

gazet-žurnallara abuna ýazylmak üçin azyndan 100 manat bermeli bolýarlar.

Býujet işgärleri bu serişdäniň käbir mugallymlaryň alýan aýlygynyň 20 göterimine barabardygyny, munuň bu aý köp hojalygyň maşgala býujetine gaty agram saljakdygyny hem aýdýarlar.

"Köp mugallym ýarym stawka işläp, 1500 manat töweregi aýlyk alýar. Olar munuň 300 manatdan gowragyny berseler, öňden hem kynlyk bilen güzeran aýlaýan mugallymlar bu aý has-da kösenerler" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini we onuň aýdan sözlerinden käbir bölekleri ýa-da ýylyň şygaryny asmak tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýär. Bu çäre býujet işgärleriniň hem-de okuwçylaryň, talyplaryň hasabyna amal edilýär.

Ýurtda şygarlar adatça bir gezek, prezidentiň portretleri azyndan iki gezek çalşylýar. Bu çäräniň dowamynda portretde prezidentiň eşikleriniň ýa-da saçynyň reňki üýtgeýär, käte-de onuň keşbinde üýtgeşiklik bolýar.

Mundan başga-da, ýurtda ýylyň dowamynda iki gezek býujet işgärlerinden gazet-žurnallara mejbury abuna ýazylmak talap edilýär. Bu ýurduň dürli sebitlerinde ýylyň dürli pasyllarynda amal edilýär. Käbir edaralarda munuň üçin býujet işgärlerinden ýylyň başynda we ortasynda, käbirinde bolsa güýz we ýaz aýlarynda pul ýygnalýar.

Balkanly býujet işgärlerinden nobatdaky pul ýygnamak kampaniýasyna degişli ähli tölegleri şu hepdäniň ahyryna çenli tabşyrmak we portretleri, halylary we şygarlary öňümizdäki hepdäniň başyna çenli asmak talap edilýär.

"Türkmenbaşynyň 1-nji, 2-nji, 5-nji we 7-nji belgili çagalar baglarynyň, köp ugurly şäher hassahasynyň, şeýle-de 3-nji, 10-njy we 26-njy mekdepleriniň işgärleri maliýe serişdelerini tizden-tiz ýygnamaga çalyşýarlar" diýip, býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalan edaralardan, şeýle şäheriň bilim, saglygy goraýyş we polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Balkanda prezidentiň portretlerini täzelemek we onuň aýdan sözünden bir bölegi şygar edip asmak işleri soňky gezek geçen ýylyň noýabrynda amal edilipdi. Şonda her bir býujet işgärinden 100 manat pul ýygnalypdy.​

Türkmenistanda býujet işgärleri bag nahallaryny satyn almak, pagtanyň çürtüm işleri, pagta ýygymy, pile önümçiligi, synplary abatlamak, Täze ýyl bezegleri ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Царукян сфотографировался с аллигатором в Майами

Логистический склад построят в Ленинском городском округе в июле

В Щелково посетитель ударил сотрудника кафе

Баскетбольный клуб «Химки» завоевал серебро Суперлиги

Музыкальные новости

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Бурятии в День Пушкина - Россия, Культура, Дети

В связи с «желтым» уровнем в Крыму и Севастополе не выполнили приказ Шойгу

Мишустин предложил повысить Дениса Мантурова до первого вице-премьера

Новости России

Царукян сфотографировался с аллигатором в Майами

Примадонна оперной сцены Хибла Герзмава споет в ...

В Щелково посетитель ударил сотрудника кафе

Баскетбольный клуб «Химки» завоевал серебро Суперлиги

Экология в России и мире

В филиалах АО «Желдорреммаш» прошли памятные мероприятия к 9 Мая

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Google вводит новую кнопку "Поделиться" для результатов поиска, расширяя возможности обмена данными

Спорт в России и мире

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Соболенко испытала проблемы после снятия Рыбакиной с турнира в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Moscow.media

При силовой поддержке столичного спецназа Росгвардии задержан домушник, маскировавшийся под курьера службы доставки

Сценарии для любого торжества, праздника, корпоратива - квесты, ролевые игры, конкурсы. Ищем авторов сценариев.

Bluetooth-сканер штрих-кодов SAOTRON P04 на базе CMOS-матрицы

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *