Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda benzin beketlerinde ýangyç kemeldilip guýulýar  

Türkmenistanda awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýalarda benziniň görkezilişinden az goýulýan pursatlary köp bolýar. Hususan-da Lebap welaýatynda şu günler bolmalysyndan az guýulýan benziniň mukdary ortaça 10% ýetýär.

Türkmenabatda we Çärjew etrabynda ýangyç guýan beketlerde benziniň öňküsinde-de az guýlup başlandygyny ýerli habarçylar gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, beketdäki guralda guýuldy diýip, görkezilen her 20 litreden 2 litr kem çykýar.

"Sürüji ýangyç guýujy kalonkadaky ýangyç ölçeýji sanlara garap, onuň 20 litr görkezip durandygyny görüp, şu 20 litr benzin guýuldy diýip gaýdýar. Emma hakykatda diňe 18 litr benzin guýulýar. Şeýdip, 40 litrden diňe 36 litr goýulýar, 50 litrden arassa 5 litr benzin kem bolup çykýar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý täze ýylyň öňüsyrasynda ýüze çykypdyr we şondan bäri dowam edýär. Benziniň azaldylyp guýulmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem ýüze çykýardy, emma köplenç bir litr çemesi kem guýulýardy, ýagny 20 litrden 19 litr benzin guýulyp, diňe bir litr ýetmeýärdi.

Habarçylarymyz ýerli awtoulag sürüjileriň köpüsiniň indi guýlan benziniň möçberini barlamagy kem görmeýändigini we beketdäki görkeziji bilen çäklenmän, awtoulaglaryndaky enjamlaryna seredýändigini belleýär.

Şeýle-de, sürüjiler guýlan benziniň hakyky mukdaryny anyklamak üçin dürli usullary ulanýarlar.

Habarçymyz bilen gürleşen sürüjileriň biri öz tejribesinden şeýle gürrüň berdi: "Awtoulagda benzin gutaryberende ýangyç bekedine baryp, operatora dolýança guý diýdim we dolýança benzin guýdurdym. Meniň ulagym 60 litrlik bolsa-da, ýangyç stansiýasynyň bekedinde 68 litr benziniň guýlandygy görkezildi".

Sürüjileriň aýtmagyna görä, nägilelik bildirmek we dawalaşmak oňyn netije bermeýär. Şeýle ýagdaý welaýatyň tas ähli ýerlerinde ýüze çykýar.

Ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeler, benziniň hiline we söwdasyna gözegçiligiň "Türkmenstandart" edarasyna garaşlydygyny we bu edara tarapyndan barlaglaryň beterlik däldigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaý dogrusynda häkimiýetlerden resmi maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Benziniň azaldylyp guýulmagyndan başga-da, benzin gytçylygyna we onuň hiliniň pes bolmagyna degişli problemalar hem saklanýar.

Geçen ýylyň tomsundan bäri ýurtda A-95 we A-92 kysymly awtoulag benziniň gytçylygy yzly-yzyna döredi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabrda Mary welaýatynda ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda, benzin gytçylygy sebäpli A-95 kysymly benziniň diňe döwlet belgili ulaglaryň sürüjilerine satylýandygyny habar beripdi. Şeýle-de, satylýan benziniň hiliniň juda pes bolmagynyň, awtoulaglary zaýalaýandygy we polisiýanyň sürüjilere awtoulaglarynyň çykarýan tüssesi üçin jerime salýandygy barada maglumat berlipdi.

Şol habarlaryň öňýany Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri ýurduň 24-nji oktýabrda bahasy 50 million ABŞ dollaryna golaý we ​17-nji oktýabrda bahasy 18 million ABŞ dollaryna golaý benziniň Azerbaýjana, Owganystana we Özbegistana eksport edilendigini mälim etdi.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan çig nebiti we dürli nebit önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän iri zawodlaryň ençemesi guruldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Shot: жена актера Никиты Волкова обвинила в побоях Лиану Грибу

На площадке Москвы на выставке «Россия» начинается молодежная программа

СберСтрахование жизни в первом квартале 2024 года выплатила клиентам 41 млрд рублей

Голоса хора ЛЭТИ звучат на Урале!

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ

Валюта вышла из моды // Снижение волатильности и санкции сдерживают спрос

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

В медорганизациях Москвы работают около 50 тыс. медсестер и медбратьев — Собянин

Новости России

Москва освоила выпуск импортозамещающей RFID-продукции

Татарстанец требует 15 млн руб. с больницы, которую обвинил в инвалидности сына

Егорьевские врачи провели уникальную операцию на сонной артерии

Династии педагогов из Егорьевска исполнилось 513 лет

Экология в России и мире

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

10 полезных продуктов для сердца

Я не пью алкоголь вообще: Анастасия Волочкова резко ответила на слухи об алкоголизме

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Спорт в России и мире

Новак Джокович с позором вылетел с турнира в Риме

Теннисист Джокович раздавал автографы в шлеме после попадания бутылкой в голову

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Сотрудник Центра лицензионно-разрешительной столичного главка Росгвардии рассказал о поисковых экспедициях

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

В подмосковном Красногорске открыли движение на подъезде к строящейся детской больнице







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *