Samarkantda bir adam aýalyny, 5 aýlyk çagasyny we özüni öldürdi
Bu waka barada 24-nji dekabrda, sagat 23: 20-de, Akdarýa etrap lukmançylyk birleşiginiň “Tiz kömek” bölüminden sebit polisiýa bölümine habar berildi. Maşgala agzalarynyň jesetlerini olaryň öýüne gelen adam, “Galarawot” mähellesiniň ýaşaýjysy tapdy.
Deslapky maglumatlara we şaýatlaryň görkezmelerine görä, maşgalabaşy özara dawa wagtynda aýalynyň boýnuna iki gezek gaýçy bilen urupdyr, soňra sallançakda ýatan çagany eli bilen bogup öldüripdir. Şondan soň ol özüni asypdyr.
Bu iş boýunça derňew dowam edýär.