Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen obalarynda müňden gowrak desga guruldy

Türkmenistanda, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli jemi 1008 sany dürli maksatly desga guruldy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri resmi maglumatlara salgylanyphabar berýär.


“2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä 74 sany hassahana, 148 saglyk öýi, 264 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 258 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 76 sany medeniýet öýi, 115 sany sport mekdebi we 73 sany sport desgasy gurlup ulanylmana berildi” diýip, habarda bu desgalaryň näçe ýylyň dowamynda, näçe döwlet serişdesine gurlandygy anyklaşdyrylman aýdylýar.


Aýdylmagyna görä, Ahal sebitinde jemi 213, Balkan sebitinde 145, Daşoguz sebitinde 193, Mary sebitinde 233, Lebap sebitinde bolsa 224 sany durmuş-medeni maksatly desga guruldy.


Mundan başga, Aşgabadyň alkymyndaky Gurtly ýaşaýyş toplumynda geçen ýyl 3064 maşgala üçin niýetlenen dört gatly jaýlary öz içine alýan täze jemgyýetçilik binalary açyldy diýip, habarda beýleki sebitlerde gurlan ýaşaýarys jaýlary agzalmazdan habar berilýär.


Türkmen metbugaty ýurtda ulanylmaga berilýän desgalar, täze jaýlar, metjitler barada yzygiderli habar berýär, ýöne oba, etrap ýollary, könelen köprüler, olaryň adam ömri üçin döredýän howply ýagdaýlary, suw, elektrik, gaz üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar barada hiç bir maglumat bermeýär.


Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurtdaky işsizlik derejesiniň uly bolmagy, durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi netijesinde, şäherlerde we obalarda jaý üpjünçiligi meselesi ýyl-ýyldan agyrlaşýar.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *