Terror hüjümini gurnajak bolan özbek, täjik raýatlary Stambulda tussag edildi
Türk polisiýasy Täze ýyl baýramçylygynda Stambulda terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmakçy bolan özbek we täjik raýatlaryny tussag etdi diýip, “Sabah” gazeti habar berýär. Hukuk goraýjy guramalaryň tassyklamagyna görä, bu iki adam “Yslam döwleti” terror toparynyň agzalary bolup durýar.
Terrorçylykly hüjüm gurnamakda güman edilýän adamlar 31-nji dekabrda, Täze ýyla geçilmezinden birnäçe sagat öň, Stambulyň Başakşehir etrabynda geçirilen ýörite operasiýa wagtynda tussag edildi.
Partlaýjy maddalar boýunça hünärmen diýilýän özbek raýatynyň deportasiýa etabynyň başlanandygy aýdylýar.
Türkiýäniň ýörite gulluklarynyň maglumatyna görä, Owganystandaky “Yslam döwleti” terror toparynyň görkezmesi esasynda, güman edilýän iki adam Stambulda 2017-nji ýylda gurnalan hüjüme meňzeş terror hüjümini amala aşyrmakçy bolupdyr.
Ýatladýarys, özbegistanly Abdulkadir Maşaripow 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwar gijesinde Stambulyň “Reýna” gijeki klubyna kürsäp urup, ol ýerdäki adamlary awtomat okuna tutdy.
Bu hüjüm netijesinde 39 adam ölüp, 70 töweregi adam ýaralandy. Türkiýäniň kazyýeti 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Maşaripowy 40 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.