Belarus häkimiýetleri oppozisiýa aktiwisti Andreý Dzmitryýeuny tussag etdi
Belarusda häkimiýetler ýurtdaky başgaça pikirlenýänlere we raýat jemgyýetine garşy basyşlary dowam etdirýän mahaly, 2020-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenkanyň garşysyna dalaş eden tanymal belarus aktiwisti Andreý Dzmitryýeu tussag edildi.
12-nji ýanwarda Dzmitryýeunyň kärdeşleri we aklawçysy tanymal syýasatçynyň we "Hawary Praudu" (Hakykaty aýdyň) oppozisiýa hereketiniň öňki egindeş başlygynyň öten agşam tussag edilendigini we häzirki wagtda Minskdäki "Akrestsina" tussaghanasynda saklanýandygyny aýtdylar.
Onuň näme üçin we haýsy aýyplama bilen tussag edilendigi häzirlikçe nämälim bolmagyna galýar.
41 ýaşly syýasatçy wagtlaýyn hökümet gurmak we bir ýylyň içinde başga bir prezident saýlawyny geçirmek kampaniýasy boýunça 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen ses berişlikde Lukaşenka bilen bäsleşdi.
Merkezi saýlaw komissiýasy şol wagt Dzmitryýeunyň sesleriň 1,21 göterimini alandygyny aýtdy.