Türkmen pasporty 90-njy orunda durýar
Gürjüstanyň pasporty “Henley & Partners” kompaniýasynyň ýyllyk reýtinginde, pasportlaryň özüne çekijiligi baradaky görkezijide eýeleýän ornuny ýokarlandyryp, 50-nji orna çykdy. Türkmenistanyň pasporty bu reýtingde 90-njy orunda durýar. Mundan öň türkmen pasportynyň eýeleriniň 13 ýurda wizasyz baryp bilýändigi habar berlipdi.
Gürjüstanyň pasporty geçen ýyldan bäri geçen döwürde reýtingde iki setir ýokary galdy. Şol bir wagtda, bu ýurduň pasportyny göterýän adamlaryň wizasyz baryp bilýän ýurtlarynyň sany öňküligine, 116 bolmagynda galýar.
Azerbaýjan we Ermenistan ýyllyk görkezijide 76-njy we 79-njy orunlary eýeledi. Ermenistanyň raýatlary 66 ýurda, Azerbaýjanyň raýatlary 70 ýurda wizasyz baryp bilýär.
Gazagystanyň pasporty 70-nji, Gyrgyzystanyň 81-nji, Özbegistanyň pasporty bolsa 85-nji orunda durýar.
Reýtingde birinji orny bäş ýyl bäri Ýaponiýa eýeleýär – bu ýurduň raýatlary 193 ýurda wizasyz syýahat edýär.
Şol bir wagtda, Owganystanyň pasportynyň eýeleri 27 ýurda wizasyz baryp bilýär.
Türkmenistan bu reýtingde 90-njy orunda durýar, türkmen pasportynyň eýeleriniň 53 ýurda baryp bilýändigi aýdylýar.
“Henley & Partners” kompaniýasynyň Halkara howa transport birleşmesiniň (IATA) maglumatlaryna esaslanyp, 2019-njy ýylyň 3-nji çärýegi üçin taýýarlan global pasport indeksinde Türkmenistanyň pasporty jemi 109 ornuň arasynda 93-nji orny eýeledi.