Hökümetçi neşir: TOT-yň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demirýol taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy diýip, "Türkmenportal” neşiri täjik internet çeşmesine salgylanyp habar berýär. Emma türkmen hökümetiniň hepde aýagynda geçiren mejlisinde berlen hasabatlarda TOT taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hiç zat aýdylmady.
Hökümetçi neşir 2013-nji ýylda düýbi tutulan TOT demirýol taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň şeýle uzaga çekmeginiň mümkin bolan sebäpleri, Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda dörän meseleleriň çözülip-çözülmändigi barada hiç bir zat aýtmaýar.
Taslama laýyklykda, Türkmenistan bu ýoluň Atamyrat-Ymamnazar bölegini (85 km), şeýle-de
Akina bilen Andhoýy birleşdirýän bölegini (35 km) gurmalydy. Aýdylmagyna görä, Türkmenistan bu borçlaryny ýerine ýetiripdir.
Bu taslamanyň birinji tapgyrynyň, Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açylandygy habar berlipdi.
Mundan öň Aşgabadyň TOPH gaz geçirijisi boýunça hem öz çägindäki gurluşyklary tamamlandygy, ýöne soňra bu gurluşyk üçin turba satyn alandygy habar berlipdi.