Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda temmäki, alkogol önümleri we ulaglar üçin gümrük tölegleri tas iki esse artdy

Türkmenistanda temmäki we alkogol önümleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän awtoulaglar üçin salynýan gümrük tölegleriniň möçberi tas iki esse ýokarlandy. Bu, temmäki we alkogol önümleriniň bazarlardaky bahalarynyň dessine gymmatlamagyna getirdi. Mundan başga-da, ulaglaryň eýeçiligini atdan ada geçirmäge, tehniki guratlyk hatyny almaga degişli tölegleriň möçberi hem iki esse ýokarlandy.


Lebap welaýatynyň gümrük işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, täze tölegler 1-nji ýanwardan güýje girdi.


"Her bir önümiň gümrük tölegi onuň bahasyna görä üýtgeýär. Ýöne olaryň her biri ortaça iki esse artdyryldy. Awtoulaglara degişli gymmatlama, hususan-da olaryň hereketlendirijisi 3 ýa-da 3,5 litre deň bolan ulaglarda has-da köp duýulýar" diýip, gümrük işgäri aýtdy.




Şol bir wagtda, ol gymmatlamanyň döwlet edaralary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen, şol sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglara degişli däldigini hem belledi.


Mundan başga-da, 2013-nji ýyldan soň öndürilen ulaglaryň tehniki guratlyk hatyny almaga degişli tölegiň möçberi hem tas iki esse ýokarlandy. Mundan ozal 200 manat bolan bu töleg indi 370 manat edildi.


Şeýle-de, ulaglaryň eýeçiligini bir raýatyň adyndan başga bir adamyň adyna geçirmäge degişli tölegiň möçberi hem iki esse ýokarlandy. 2022-nji ýylda 450 manat bolan bu töleg şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 900 manat boldy.


Temmäki we alkogol önümleriniň gümrük töleginiň iki esse ýokarlandyrylmagy sebitiň bazarlarynda olaryň bahalarynyň hem dessine gymmatlamagyna getirdi.


Welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň dükanlarynda temmäki we alkogol önümleriniň bahasy ortaça 10 manat gymmatlady.


"Döwlet dükanlarynda öň 50 manat bahalanan çilimler häzir 55 manatdan satylýar. Hususy dükanlarda daşary ýurtlardan import edilen çilimler öň 90 manatdan satylan bolsa, indi 100 manat bahalanýar" diýip, habarçy aýtdy.


Türkmenistanda temmäki we alkogol önümleriniň gümrük tölegleriniň möçberiniň 1-nji ýanwardan artdyrylýandygy barada geçen ýylyň 30-njy ýanwarynda habar berlipdi.


 




Şonda Türkmenistanyň "Salgytlar hakyndaky" we "Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky" kanunlaryna üýtgetmeleriň girizilip, alkogol önümleri üçin goşmaça tölegleriň 53% -den 61%-e, temmäki önümleri üçin salynýan goşmaça tölegleriň 93% -den 116%-e artdyrylýanygy mälim edildi.


Bu waka häkimiýetleriň ýurtda temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyna gözegçiligi gaýtadan güýçlendirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Munuň çäginde ​temmäki önümleri we spirtli içgileri satylýan hususy dükanlara köpçülikleýin reýd geçirildi.


Sentýabr we noýabr aýlarynda geçirilen dürli reýdlerde ygtyýarnamasyz söwda edýän telekeçilere müňlerçe manat möçberinde jerime salyndy.


Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Geçen ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *