Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistanda bir aýal energiýa kärhanasynyň işgäriniň damagyna pyçak diräp, tok berilmegi talap etdi

Özbegistanda bir aýal energiýa kärhanasynyň işgäriniň damagyna pyçak diräp, tok berilmegi talap etdi

Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň Çyrçyk şäherinden, ýerli ýaşaýjy elektrik üpjünçiligi edarasynyň işgäriniň bokurdagyna pyçak gezäp, ondan elektrik üpjünçiligini dikeltmegi talap edipdir. Bu barada şol edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Sosial ulgamda goýlan maglumatda aýdylyşyna görä, 16-njy ýanwarda Çyrçyk şäheriniň ýaşaýjylaryndan birnäçesi öýlerinde elektrik togunyň bolmazlygy sebäpli, şäheriň elektrik üpjünçiligine gözegçilik edýän bölüme barypdyrlar.

«35 ýaşly zenan (W.N.) garşylyk görkezip, elindäki aşhana pyçak bilen Çyrşyk şäher elektrik üpjünçiligi kärhanasynyň elektrik montýoryny öldürmek haýbatny atdy» diýip, edaranyň maglumatynda aýdylýar.

Sosial ulgamlarda ýaýradylan wideoda, ol aýalyň kärhananyň işgäriniň arkasyndan baryp, onuň bokurdagyna aşhana pyçagyny gezeýändigi görkezilýär hem onuň: "Tok berjekmi ýa-da ýok?" diýýäni eşidilýär. Muňa jogap edip, işgär: "Eger soýjak bolsaň, soýaý" diýýär. Şu wagt ol wideo öz ýaýradylan ýeri – Telegram-kanalyndan aýryldy.

Özbegistanyň Baş prokuraturasy wakany huliganlyk diýip häsiýetlendirdi hem-de jemgyýetçilik tertibini goramak boýunça işleri ýerine ýetirýän jemagat agzasyna garşylyk görkezmek bilen baglanyşykly, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 277-nji maddasynyň 3-nji böleginiň «g» bendi bilen ol aýala garşy jenaýat işini gozgady. Şol madda laýyklykda, ol aýala 3–5 ýyl azatlykdan çäklendirmek ýa-da 3–5 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilinýär.

Soňky bir hepdede Daşkent şäherinde, Daşkent welaýatynda we Özbegistanyň beýleki sebitlerinde, öňler mahsus bolmadyk güýçli aýaz dowam edýär. Ýerli häkimiýetler we energetika kompaniýalary elektrik energiýasynyň sarp edilişine we onuň ýyladyş ulgamynda çalt ösmegine taýýar däl ekeni. Daşkentde we beýleki şäherlerde, aşa sowuk sebäpli, elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlikler döräp başlady.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew energiýa üpjünçiligi boýunça geçirilýän maslahatda, ilatyň gaz we elektrik togunyň ýetmezçiliginden, şeýle hem jemagat-kommunal hyzmatlarynyň hiliniň pesliginden närazydygyny aýtdy. Ol 16-njy ýanwarda gyş möwsümine taýýarlygyň ýaramazlygy sebäpli Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýewi, Energetika ministriniň orunbasary Şerzod Hojaýewi we "Ýyladyş elektrik beketleri" önümçilik kärhanasynyň başlygy Farhod Abdurahmanowy wezipelerinden boşatdy.

Çyrçyk Özbegistandaky şäherleriň arasynda, sowukdan iň agyr ejir çekenleriň biri boldy. Daşkent welaýat häkimliginiň metbugat gullugy 16-njy ýanwarda özüniň Telegram-kanalynda habar bermegine görä, şäheriň etraplarynyň biri bolan Humonyň ýaşaýjylary elektrik togunyň ýoklugy sebäpli protest bildirip, ýoly ýapypdyrlar. Soňra bu ýere Çyrçygyň şäher häkimi Dawron Hidoýatow (elektrik näsazlygyny bejerýän topar bilen bilelikde) gelip, proteste çykanlardan ötünç sorapdyr. Şäher häkimi bu ýere hyzmat eden köne transformatoryň döwlendigini, ýöne häzir onuň bejerilendigini, muňa goşmaça, başga-da bir täze transformatoryň gurlandygyny aýdypdyr.

Daşkentde sowuk howa sebäpli, bar bolan 584 mähelläniň (kwartallaryň) 120-sinde elektrik togunyň we gazyň kesilendigi aýdylýar. Diňe 15-nji ýanwarda şäherde elektrik energiýasyna ýüküň aşa agyrlygynyň hötdesinden gelip bilmän, ýokary woltly ýedi transformator we 524 pes woltly transformator hatardan çykdy.

Özbegistan gaz gytçylygy sebäpli, gyş paslynyň başlanmagy bilen energiýa krizisine duçar boldy. Bu bolsa maşynlaryň dizel ýangyjyna geçmegine we elektrik togunyň ýetmezçiligine getirdi. Jaýlaryny ýylatmakdan mahrum bolan adamlar köçelere çykap, häkimiýetleriň ünsüni özüne çekmek islediler. Önüm öndürmekde gazdan peýdalanýan kärhanalar öz işlerini togtatmaga mejbur boldular.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Путин утвердил структуру нового правительства РФ

Вскрыли САМЫЙ ДОРОГОЙ ЗАБРОШЕННЫЙ КОНТЕЙНЕР а там.

Российское высшее образование — одно из лучших в мире, заявили в правительстве Вьетнама

Мальчик потерял память и поседел из-за занозы в ноге

Музыкальные новости

Запуск Samsung Galaxy S24 еще сильнее подвинул Google на рынке смартфонов США

Магомед Адиев установил рекорд в РПЛ

Генсек РФС Митрофанов заявил, что РПЛ не будут расширять до 18 команд

Собянин сообщил о сбитом на подлете к Москве беспилотнике

Новости России

Девочка-подросток погибла в результате аварии в Подмосковье

Портрет современного инженера составили в ОЭЗ «Технополис Москва»

«Авто уничтожено огнем»: на трассе в Смоленской области произошла серьезная авария

Развожаев возмутился сравнению Севастополя с дырой в эфире канала «Пятница!»

Экология в России и мире

В рубрике «Я - артист цирка Бурятии» Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия, национальный проект

Шарм и красота: яркие образы с юбками на эту весну

Масштабирование дизайнера: опыт работы в международных компаниях премиум-класса

Новые дорожные ирригаторы Revyline RL 660 PRO поступили в чувашский филиал

Спорт в России и мире

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме

Казахстан узнал еще одну печальную новость после сюрприза Рыбакиной

Moscow.media

Рады познакомить вас с артистами цирка Бурятии: Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия

Первый мозговой чип Neuralink Илона Маска столкнулся с проблемами

Mayman Aerospace представили боевые VTOL-беспилотники с ИИ

Китай начал выпуск нового рамного внедорожника, который появится в России







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *