Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda sandan çykan ýyladyş turbalary we elektrik simleri abatlanýar

Aşgabatda sandan çykan ýyladyş turbalary we elektrik simleri abatlanýar

Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň şu günler işi köp, ähli ýerlerde ýarylan turbalar we sandan çykan elektrik simler bejerilýär. Ýaşaýjylar hem jaýlarynyň ýyladyş ulgamyndaky näsazlyklary düzetmäge we olaryň geljekde döremezligi üçin mümkin boldugyndan özbaşdak çäre görmäge synanyşýarlar.

"Sowuk howadan soň suwgeçirijileri bejerýän ussalaryň işi köp. Hemme ýerde ýarylan turbalar bar. Soňky iki günüň dowamynda hem gijelerine aýaz bolýar. Adamlar split guraly bilen ýylynýarlar, öýleriň töwereginde bolsa, buzly meýdançalar peýda bolýar" -diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy ýanwarda habar berdi.

26-njy dekabrda Türkmenistanda howanyň temperaturasy gije -5-e düşdi we gündizine +8 çenli gyzdy.

Habarçynyň sözlerine görä, şäheriň dürli ýerlerinde ýyladyş turbalaryna uly zeper ýeten ýagdaýlar bar, şol sanda olaryň käbiri ýaşaýjylaryň güýçli aýaz wagtynda jaýyň daşyndaky doňan turbalardan buzy çözüp aýyrmak üçin eden özbaşdak synanyşyklary netijesinde döräpdir.

"Soňky on ýylda gurlan elit jaýlarda hem turbalar doňup galypdy. Podwoýskogo (Bitarap Türkmenistan) köçesinde bir öýde, diwarlaryň üçeginden diwarlara gudrona meňzeş goýy gara suwuklyk döküldi" - diýip habarçymyz gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde Aşgabatda ýyladyş ulgamynda uly näsazlyklaryň döremegi barada habar berilmändir.

Şu günler şäherde elektrik simleri hem bejerilýär.

"Sowukda hemme ýerde ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikler sebäpli, elektrik enjamlarynyň köp ulanylmagy elektrik liniýalara aşa köp ýük boldy. Käbir jaýlarda pol asty ýyladyş ulgamlarynyň köp ulanylyp başlanmagy hem kwartiralarda elektrik kabelleriniň köp ýanmagyna sebäp boldy" diýip, habarçy belleýär.

Habarçynyň sözlerine görä, ýangyn söndürijileriň we jemagat işgärleriniň sowukda ýangynyň döremeginiň öňüni alan ýagdaýlar hem bolupdyr: "10-njy etrapçada ýangyn söndürijiler we elektrika boýunça hünärmenler ýaşaýyş jaýlary ýangyndan halas etmegi başardylar: başda elektrik toguny paýlaýan guraly, soňra birnäçe hasaplaýjy ýanypdy".

Dekabryň başyndan bäri Türkmenistanda adatdan daşary sowuk howa dowam edýär. Iki aýyň dowamynda howanyň temperaturasy birnäçe gezek minus 20 gradusdan pese düşüpdi.

Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary aýazyň netijesinde şäherleriň we obalaryň ähli ýerlerinde infrastrukturanyň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş ulgamynyň, suw turbalarynyň we elektrik üpjünçiliginiň bozulandygyny habar beripdi. Köplenç dörän näsazlyklar zerarly ýaşaýjylar ýylylyk, suw we elektrik togy ýaly zerurlyklardan mahrum bolupdy.

Hünärmenler ýyladyş ulgamynda näsazlyklaryň köp döremeginiň esasy problemasynyň çüýrük turbalar we ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli ýetmezçiligi bilen baglydygyny bellediler. Düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegini talap edýän turbalar wagtynda çalşyrylmaýar, munuň ýerine jemagat gulluklarynyň işgärleri köplenç zeper ýeten turbalary elde ýasalan serişdeler, şol sanda agaç çeňňekler ýaly zatlary ulanyp, wagtlaýyn "bejermäge" synanyşýarlar.

"Kadaly maýyllykdan gar we noldan aşak derejelere düşen temperatura bilen düýpgöter üýtgän howa Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş bilen baglanyşykly uly kynçylyklary ýüze çykardy. Bu, häkimiýetleriň ençeme ýyl bäri ünsden düşürýän problemasy, ýöne olar prokuratura tabşyrmak haýbatyny atyp, ýaşaýjylary berilmeýän ýyladyş üçin tölemäge zor bilen mejbur edip gelýärler" - diýip, dekabryň başynda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, käbir jaýlarda ýyladyş ulgamynda näsazlyk ýüze çykan bolsa, ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilmedik jaýlar hem bar, olaryň ýaşaýjylary elektrik enjamlaryny ulanmaga mejbur bolýarlar we doly elektrik toguna garaşly bolýarlar.

Oba ýerlerinde ilat ýaşaýyş jaýlarynyň gaz üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy, netijede tutuş şäherçeler uzak wagtlap gaz üpjünçiligi bolmazdan, öýlerini odun we tapan beýleki serişdeler bilen gyzdyrmaly boldy. Adaty bolmadyk aýazlar we ýylylyk üpjünçiligindäki problemalar ilatyň gündelik durmuşynda çynlakaý kynçylyk döretdi.

Energiýa resurslarynyň eksportyndan girdeýji görýän Türkmenistanyň hökümeti ilatyň aşa sowuk howa we energiýa üpjünçiligindäki bökdençlikler zerarly ýüzbe-ýüz bolan problemalary baradaky habarlara resmi taýdan reaksiýa görkezmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Пожарные ликвидировали возгорание на складе в Реутове

Бывший замглавы Перми покинула свой пост в московском институте благоустройства

Амурчанка вместе с российским актером передала частичку Вечного огня в Египте

Композитор из рода Аксаковых. Часть 2

Музыкальные новости

Махачкалинское «Динамо» победило «Химки», «Родина» сместила «Арсенал» с 4-го места

Никол Пашинян наговорил перед разговором // Премьер-министр Армении и президент России обсудят двусторонние разногласия

Bungie continues recent streak of Ws by making most Destiny 2 expansions free to everyone

Яндекс Погода выяснила, как за последние 30 лет изменились майские заморозки

Новости России

Педиатр рассказала об опасности укуса гадюки для ребенка

Посол Антонов: РФ готова вести диалог с западными странами на равных условиях

Ушёл из жизни один из первых газовиков Якутии

Бывший замглавы Перми покинула свой пост в московском институте благоустройства

Экология в России и мире

Как сохранить здоровье легких?

Певец Сергей АРУТЮНОВ и солистка группы Демо - встречаются, или просто выпустили совместный хит “Солнышко”? Разлад АРУТЮНОВА и Маши Малиновской?

Ozon и Wildberries впервые вошли в мировой рейтинг маркетплейсов

Аналитическое исследование «585*ЗОЛОТОЙ» показало, сколько тратят на обручальные кольца в 2024 году в разных городах России

Спорт в России и мире

Свентек разгромила соперницу во втором круге турнира в Риме

Рафаэль Надаль первым в истории тенниса выиграл 200 матчей на грунтовых «Мастерсах»

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание

Moscow.media

Что лечит невролог и с какими симптомами к нему обращаться?

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

"Природа Карелии"

Рады познакомить вас с артистами цирка Бурятии: Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *