Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident pagtaçylary ‘gerek zatlar bilen’ üpjün etmek isleýär

Türkmensitanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda gowaça ekýän raýatlaryň “ähli gerek zatlar bilen” üpjün edilmegini tabşyrdy. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar ýyllar boýy suw, dökün, tehnika ýetmezçiliginden, erksizlikden zeýrenýärler.


TDH-nyň habaryna görä, bu tabşyryk sebitlerde pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen berildi. Şol bir wagtda, gol çekilen kararada öňki iki prezident döwründe pagtaçylykda döredilen emeli kynçylyklar ýa-da netijeliligiň peselmeginiň düýp sebäpleri, daýhanlaryň bazar kanunlary esasynda däl-de, sowet döwründäki ýaly erksizlikde, pes gazançda saklanylýandygy barada hiç bir zat aýdylmaýar.


Türkmenistanyň öňki iki prezidenti oba hojalygynda birnäçe syýasat yglan edip, pagtaçylykdaky kynçylyklary bölekleýin boýun aldy. Ýöne olar bu meseläniň çözgüdini esasan sebit, etrap ýolbaşçylaryny täzelemekden gözledi.


Prezidentiň kararynda pagtaçylykdaky öndürijiligiň “ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek” bilen baglydygy aýdylýar.


Şeýlelikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, sebit häkimliklerine “ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly, 2023-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek” tabşyryldy.


Munuň üçin olar gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä ýerleşdirmeli, önüm öndürijileri tehniki hyzmatlar, suw, dökün bilen üpjün etmeli.


Bu hili tabşyryklar ozal hem berlipdi. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri adatça gowaça meýdanlaryndan uly hasyl alynýandygyny aýdýarlar, daýhanlaryň bergili çykýan ýagdaýlary barada maglumat bermeýärler.


Hukuk goraýjylar Türkmenistany pagtaçylykda mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edýärler.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *