Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystan Hytaýyň tejribesinde, garyplyga garşy göreşmek isleýär

Gyrgyzystan Hytaýyň tejribesinde, garyplyga garşy göreşmek isleýär

Gyrgyzystan 2023-nji ýylda az girdejili 10 müň maşgala özbaşdak girdeji çeşmesini döretmek üçin, 100 müň somdan berler. Ýurduň häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, geçen ýyl şuňa meňzeş başlangyç 2800 maşgalada geçirilende, gowy netije beripdir.

Ýöne telekeçiler hem bilermenler eger ýardam serişdeleri berilmezinden öň raýatlaryň maliýe sowatlylygy artdyrylmasa, beriljek kömegini netijesiz  bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

"Kömek pulumy ýa-da 100 müň som"

Bişkek şäheriniň ýaşaýjysy Almaz 2022-nji ýylda "Sosial şertnama" döwlet programmasy boýunça 100 müň somy gaýtargysyz alyp, kiçi biznes işini açýar:

‒ Öň kömek puluny alýardyk, bize şeýle teklip etdiler: "Birbada 100 müň som alyp bilersiň, ýöne soňra kömek puly berilmez”. Men ylalaşdym, ir-iýmiş we gök önümleri satyn alyp, söwda edip başladym. Söwda-satyk işlerine başlan badymyza gowy boldy, derrew 100 müň som gazandyk. Olar yzyna gaýtarmaly däl puly berýärler, ýöne sen ony işjeň hyzmat üçin peýdalanmaly: iş meýilnamasyny ýazýarsyň, ony nähili we nädip ýazmalydygyny özleri saňa öwredýärler. Üstesine-de, 100 müň som alanyňdan soň, ýene-de üç aýlap kömek puluny berýärler, soňra ol töleg kesilýär. Üç ýyldan soň ýene-de ony almaga mümkinçilik bardygyny aýtdylar. Eger berlen pul öwrülişik üçin ýetmese, göterimsiz karz görnüşinde 200 müň som alyp bilýärsiň, onuň üçin girew gerek däl. Olar saňa bank hasabyny açyp, puly şol ýere geçirýärler.

Stalbek Isakow geçen ýylyň güýzünde “Sosial şertnama” esasynda alnan serişdesine maşyn satyn alandygyny aýdýar. Ol indi taksi hyzmatynda işleýär hem ýaşaýyş derejesiniň gowulaşandygyny aýdýar:

‒ Aýalym aradan çykansoň, iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagam meniň elimde galdy. Men işlemän, hasapda durdum [işsizlik üçin]. Geçen ýyl bu programma yglan edilende, men dokumentleri toplap başladym-da, 4-5 komissiýadan geçdim. Sentýabr aýynyň 3-nde meniň hasabyma 100 müň som geçirdiler. Men ýene 50 müň som goşup, Honda Civic maşynyny satyn aldym. Indi taksi sürüjisi bolup işleýärin hem puluň galan möçberini kem-kemden [maşyn üçin] töleýän. Ol umumylykda maňa 450 müň soma düşdi. Bu örän gowy kömek boldy, indi ýaşamaga, iýmite hem beýleki zerurlyklara ýeterlik bolýar.

"Sosial şertnama" maksatnamasy Gyrgyzystanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilip, ol maşgala goldawyny alýan raýatlara degişlidir. Bu başlangyç ilkinji gezek 2021-nji ýylyň dekabr aýynda, BMG-niň Azyk programmasynyň goldawy bilen synag hökmünde amala aşyrylypdy. Soňra ýagdaýy pes 50 maşgala öz girdeji çeşmesini döretmegi üçin, 100 müň som gaýtargysyz berildi.

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti "Sosial şertnama esasynda sosial kömegi bermek hakyndaky" düzgünnamany tassyklady hem taslamanyň dowam etdirilmegi üçin, 2800 adam saýlanyp alyndy. Şu maksatlar üçin 2022-nji ýylda döwlet býujetinden, 292 million som bölünip berildi.

Resmi maglumata görä, 2800 maşgalanyň 58% oba hojalyk bilen meşgullanypdyr, 24% senagat pudagynda işläpdir, 10% hyzmat pudagynda we 7% söwdada işläpdir.

Bu ýyl Zähmet ministrliginiň iş bilen üpjün etmek bölüminiň başlygy, Nargiza Türkebekowa sosial şertnamasyny almagyň we peýdalanmagyň şertleri barada şeýle gürrüň berdi:

‒ Sosial şertnama baglaşylandan üç aýdan soň, olara kömek puly berilmegi bes edilýär. Üç ýylyň dowamynda bolsa bu tölegleri döwletden almaga haky ýokdur. Şonuň üçinem sosial şertnamanyň çäklerinde, öz girdeji çeşmesini açmagy üçin, raýatlar serişdeleri almaga razylyk berýärler. Şoňa görä-de, iş meýilnamasyny düzýärler. Her bir etrapda degişli komissiýalar we welaýat edaralarymyz geljekki üç ýylyň dowamynda, şol maşgalalarda gözegçilik geçirerler. Bu programma gatnaşyjylara başga goldaw hem berilýär. Mysal üçin, 2022-nji ýylda ýerli häkimiýetleriň käbiri kömek hökmünde goşmaça serişdeleri paýlady. Respublikan býujetinden bölünip berlen 100 müň somdan başga-da, käbir ýerlerde maşgalalar mal satyn aldylar hem ot-iým taýýarlamaga kömek etdiler – diýip, hökümet resmisi aýdýar.

Her bir etrapda “Sosial şertnama” serişdelerini bermek boýunça komissiýalar döredilýär. Kömek almaga gatnaşyjylar iki ölçeg boýunça saýlanylýar:

maşgalanyň üpjünçiliginiň pesligi barada, sosial pasporty bolmaly;

 öz işini alyp barmaga mümkinçiligi bolmaly (meselem, tikinçilik ukyby, mal saklamaga mümkinçiligi, ammaryň bolmagy we ş.m.).

Mundan başga-da, saýlanyp alnan maşgalalara maliýe işlerini düzgünleşdirmek – iş meýilnamasyny nähili düzmek, işi guramak ýa-da satyn alyşlary amala aşyrmak boýunça maslahatlar berler.

«Ähli bökdençlikden geçmek...»

Bu programmada käbir adamlar býurokrat päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolanda, çykgynsyz ýagdaýa düşüp bilýärler.

Tamara Badirowa öňräk çet etrapdan, Bişkek şäherine gelipdir, ol 5 çagany terbiýeleýär. Ol 100 müň som ýardamy aljak bolandygyny aýdýar, emma ýaşamak rugsady bilen bagly kynçylyklar sebäpli muny almak mümkin bolmandy:

‒ Men göçüp gelen ýerim Çon-Alaý etrabyma ýörite gitdim. Şol 100 müň somy almak üçin, iki gyzyma berilýän kömek pulundan ýüz öwürýändigim barada arza ýazdym. Men aýlanyp jorap satýaryn, harytlarymy ýanym bilen göterýärin. Bir ýerde oturyp söwda edip başlasam, belki, girdejim birneme artar diýip pikir etdim. Maňa: «Bu ýerde gadagan, şähere gitmeli» diýdiler. Şähere geldim, bu ýerde meni ýazgy etmediler. Nähili-de bolsa, men indi kynçylyklary böwüsmeli däl diýen karara geldim. Baran ýerimde garşylyga duşýan. Çagalarym bilen meýdanda işlemäge gidýäris.

Mawluda bazarda söwda etmek maksady bilen 100 müň som alypdyr. Geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda, ol ýerli häkimligiň wekilleri bilen söwda ýerini almaga barypdyr. Ol kireý ýeriniň üç aýlyk tölegi üçin, 88 müň som beripdir. Ýöne söwdanyň özi üçin kän serişde galmansoň, onuň harytlary az bolupdy. Netijede, onuň söwdasy ýöremän, 10 günden soň işini ýatyrdy. Her näme etse-de, kireýine alnan ýeriniň bir aýlyk hakyny oňa gaýtarmandyrlar. Şeýdip, onuň bar işi gutarýar.

Hytaýyň tejribesi

Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow hökümet mejlisinde çykyş edip, girdejisi pes bolan maşgalalara 100 müň som bermek tejribesiniň 2023-nji ýylda dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şu ýyl gyrgyz hökümeti 10 müň adama şeýle ýardam bermekçi.

Şeýlelikde, häkimiýetler “Sosial şertnama” maksatnamasy üçin, döwlet býujetinden 1 milliard som bölmegi maksat edinýärler. Häzirki wagtda bu programmanyň düzgünlerine käbir üýtgetmeler girizilýär.

Hökümet baştutany garyplygy köki bilen ýok etmek çäreleri üçin, Hytaýyň tejribesini nazara alynýandygyny aýdýar:

‒ Biz hytaý modelini ulanmagy planlaşdyrýarys. Häzir 110 müňden gowrak maşgala ýardam alar, olaryň ähli maglumatlary digitalizasiýa edilýär, adresleri we suratlary goşulýar. Ondan başga-da, 100 müňe golaý ýetimler, ýeke galan raýatlar we pensionerler bar. Ýagny jemi 220 müňe golaý [az girdejili] maşgala hasaba alyndy. Biz olaryň her birine maksada gönükdirilen goldawy bereris. Hytaýda şeýle maşgalalaryň öýlerini bejerýärler, içeriniň ýylylygyny saklamak ýa-da ýyladyş ulgamyny bejerýärler, olara hojalyk enjamlaryny gurnaýarlar hem-de şeýle maşgaladan bir adama iş ornuny tapmaga ýardam edýärler. Şeýle maşgalanyň azyndan bir agzasynyň durnukly girdejili işi bolsa, olary aşa garyplaryň derejesinden, girdejisi az topara geçýärler. Häzir biz hem şeýle usuly işläp taýýarlamagyň üstünde alada edýäris.

"Maliýe sowatlylyk örän pes derejede"

Gyrgyzystandaky «Нурлуу кайрымдуу кыздар» guramasy işewür toparlarda, ýeňil senagatda we söwda ulgamynda işleýän elli çemesi aýaly özüne birleşdirýär. COVID-19 pandemiýasy başyndan bäri olar az girdejili raýatlara maddy kömegi we dürli ýardamy berýärler. Bu guramanyň wekili, telekeçi Inaýat Nimatowa döwlet tarapyndan bölünip berlen serişdeleriň netijeli harçlanjakdygyna şübheli garaýar. Gyrgyzlaryň, hususan-da, ilatyň düşewündi az bolan gatlagynyň maliýe sowadynyň örän pesdigini aýdýar:

‒ Çuý sebitinde hossarsyz galan çagalaryň ýatakhanalaryň birinde, biz 10 sany tikin maşynyny gurnadyk hem doly derejeli tikinçilik ulgamyny döretdik. Biz bu edaranyň ýolbaşçylaryna: "Siz öz gözegçiligiňiz astynda, ýokary mekdepde okaýan oglan-gyzlary günde 24 sagatlap, munuň bilen gyzyklandyrjak boluň, olar tikin tikmegi öwrensinler, mekdebi tamamlanyndan soň, biz olara iş taparys, ýaşaýyş jaýy bilenem üpjün ederis" diýdik. Ýöne ol ýerden jogap bolmady. Eger Gyrgyzystanyň az girdejili ilatynyň maddy-maliýe sowatlylygyna 10 dereje möçberinde baha bermeli bolsa, olar iki dereje alyp bilerdi. Şeýle-de, olar köplenç taýýar kömegi almak isleýärler, özbaşdak pul gazanjak bolmaýar. Öz tejribäme daýanyp aýtsam, biz köp gezek olaryň eline tutulan balygy däl, çeňňek berjek bolduk. Diňe biziň guramamyzda, tikinçiler üçin 5 müň boş iş orny bar. Biz adamlar gazanç eder ýaly özümize çagyrýarys, ýöne dürli bahanalary oýlap tapýarlar hem ahyrynda işe gelmeýärler. Häkimiýetleriň bu 100 müň somy bolsa çägä suw giden ýaly gider, ýöne resminamalary düzmeli bolar. [Puluň] çägä siňjekdigine 99% ynanýaryn – diýip, telekeçi Inaýat Nimatowa aýdýar.

Telekeçi zenanyň pikirine görä, paýlanan puluň biderek harçlanmazlygy üçin, "Sosial şertnama" boýunça serişdeleri almaga saýlananlary 5-6 adamdan ybarat toparlara birleşdirmek zerur hem-de kim maliýe taýdan sowatly we telekeçilik bilen meşgullanmagy başarýan bolsa, olaryň gözegçiligine bermeli.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Döwlet statistika komitetiniň resmi hasaplamalaryna görä, ýurtda 2021-nji ýylyň ahyryna çenli garyplaryň sany 2 million 244 müň adama ýetdi. Bu bolsa iş ýüzünde Gyrgyzystanyň ilatynyň 33,3%- e golaýyny tutýar. Şolardan 407 müň raýatyň ýa-da 6% ilat aşa garyp ýagdaýda ýaşaýar. Ondan başga-da, 500 müňe golaý adam ýa-da ilatyň 10% garyplyk çäginde ýaşaýar. 2022-nji ýylyň resmi maglumatlary häzire çenli aýan edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Театр, раскол и русская идея: как Александр III пробуждал национальное самосознание

Газзаев заявил, что у «Зенита» притупилась мотивация

Бывший тренер "Динамо" Силкин: не верится, что клуб может стать чемпионом

Врач Стружко: злоупотребление алкоголем повышает риск туберкулеза

Музыкальные новости

Как надо ПРОДАВАТЬ СЦЕНАРИЙ, ПЬЕСУ, СИНОПСИС.

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

В РПЛ сменился лидер турнирной таблицы

Сергей Собянин. Главное за день

Новости России

Бывший тренер "Динамо" Силкин: не верится, что клуб может стать чемпионом

Газзаев заявил, что у «Зенита» притупилась мотивация

Гендиректор "Пари НН" Мелик‑Гусейнов заявил, что клуб ударился об дно

Нам не страшен майский жук: как организовать приствольные круги для садовых деревьев

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Пенсионерка из Новосибирска пародирует звезд на фото, получается похоже и смешно

Реабилитация после увеличения груди

Где находится самая северная страусиная ферма в мире?

Спорт в России и мире

Тарпищев: нельзя Медведева назвать главным претендентом на золото Олимпиады

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме

Теннисист Хачанов вышел в третий круг "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Глубинная магама поможет предсказать извержения вулканов

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Компания Volkswagen окончательно откажется от моделей с индексом GTX

Велоретро







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *